Netijeli hyzmatdaşlygyň gerimi giňeldilýar

29 Oktýabr 2021
758

27-nji oktýabrda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň käbir orunbasarlarynyň, nebitgaz toplumynyň ýolbaşçylarynyň hem-de «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2021» atly XXVI halkara maslahata gatnaşmak üçin ýurdumyza gelen Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň «Tatneft» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň wekilleriniň gatnaşmaklarynda iş maslahatyny geçirdi.

Milli Liderimiz maslahaty açyp, dünýäniň öňdebaryjy energetika döwletleriniň hatarynda durýan ýurdumyzda ykdysadyýetiň beýleki pudaklary bilen birlikde nebitgaz pudagyna hem aýratyn ähmiýet berilýär diýip belledi. Önümçilige ylmyň we tehnikanyň täze gazananlary ornaşdyrylýar. Dünýäde tebigy gazyň gorlary boýunça ilkinji orunlaryň birini eýeleýän Türkmenistanda tebigy gaza hem-de nebite baý täze ýataklary gözlemek, nebitiň çykarylyşyny artdyrmak, nebit guýularyny düýpli abatlamak boýunça halkara tejribä laýyklykda uly işler alnyp barylýar.