Magtymguly Pyragynyň hormatyna

28 Oktýabr 2021
684

26-njy oktýabrda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow iş saparyny amala aşyrdy. Onuň barşynda döwlet Baştutanymyz paýtagtymyzyň soňky ýyllarda sazlaşykly ösýän günorta künjeginde bolup, bu ýerde Magtymguly Pyragynyň medeni-seýilgäh toplumynyň töwereginde tamamlaýjy tapgyrda alnyp barylýan işler bilen tanyşdy.

Ir bilen hormatly Prezidentimiz akyldar şahyr Magtymguly Pyragynyň medeni-seýilgäh toplumyna geldi. Milli Liderimiz halkymyzyň akyldar şahyra beýik söýgüsiniň nyşany bolan ajaýyp toplumyň töwereklerini abadanlaşdyrmak boýunça ýerine ýetirilýän işler bilen tanyşdy.

«Ahal durmuşy».