ÜÇ MUKADDESLIGE BUÝSANÇ Eziz Watanymyza, mähriban halkymyza, Gahryman Arkadagymyza zenan ýüreginiň buýsanjy

29 Oktýabr 2021
1209

Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllygy mynasybetli Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet boýunça guramasynyň (ÝUNESKO) işleri barada Türkmenistanyň milli toparynyň jogapkär sekretary Çynar Rüstemowa uzak ýyllaryň dowamynda çeken yhlasly we tutanýerli zähmeti, döwletiň we jemgyýetiň öňünde bitiren aýratyn görnükli hyzmatlary we gazanan üstünlikleri üçin hormatly Prezidentimiziň Permany bilen ýurdumyzyň iň ýokary döwlet sylagy — «Türkmenistanyň Gahrymany» diýen belent at dakyldy hem-de «Altyn Aý» altyn medaly gowşuryldy. Bu şatlykly waka, ilkinji nobatda, türkmen zenanlaryny buýsandyrdy. Çünki munuň özi döwlet Baştutanymyz tarapyndan zenanlarymyza goýulýan hormatyň iň ýokary derejesidir.

Biz Türkmenistanyň Gahrymany Çynar RÜSTEMOWA bilen söhbetdeş bolup, döwrümiziň bagtyýar zenanynyň şatlyk-buýsanjyny «Zenan kalby» žurnalynyň okyjylary bilen paýlaşmagy makul bildik.

Söhbetdeşligi ýazga geçiren Keýik UMAROWA,
«Zenan kalby».