HABARLAR

Türkmenistan we Täjigistan strategik hyzmatdaşlygyň şertnamalaýyn-hukuk binýadyny has-da pugtalandyrdylar

4-nji awgustda paýtagtymyzda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň we 3-nji awgustda ýurdumyza döwlet sapary bilen gelen Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmonyň arasynda gepleşikler geçirildi. Ir bilen dostlukly ýurduň Baştutanynyň awtoulag kerweni motosikletçiler toparynyň ugratmagynda paýtagtymyzyň merkezinde ýerleşýän Garaşsyzlyk meýdanyna geldi, bu ýerde belent mertebeli myhmany resmi kabul etmek dabarasy boldy.

Doganlyk ýurtlaryň we halklaryň bähbitlerini nazarlaýan sebit dialogy

6-njy awgustda Türkmenistanda, Hazaryň kenarynda ýerleşýän «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygy geçirildi. Çäräniň öň ýanynda belent mertebeli myhmanlar — Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew, Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Žaparow, Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew hem-de Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmon «Awaza» milli syýahatçylyk zolagyna geldiler. Täjik Lideriniň bu gezekki konsultatiw duşuşyga gatnaşmagy onuň Türkmenistana döwlet sapary bilen gabat geldi.

Türkmen-täjik gatnaşyklary ösüşiň täze derejesine çykdy

Aşgabat — Türkmenbaşy, 5-nji awgust (TDH). Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň 6-njy awgustda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçiriljek konsultatiw duşuşygyna gatnaşmak üçin Balkan welaýatyna iş sapary bilen ugrady. Milli Liderimiz ir bilen paýtagtymyzyň Halkara howa menziline geldi. Biraz wagtdan soň, bu ýere ýurdumyzda döwlet sapary bilen bolýan Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmon hem geldi.

Türkmenistanyň Prezidentiniň we Türkiýe Respublikasynyň Prezidentiniň arasynda telefon söhbetdeşligi

Awaza, 5-nji awgust (TDH). Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdoganyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy. Döwlet Baştutanlary birek-birek bilen mähirli salamlaşyp, ikiçäk söhbetdeşlikde iki doganlyk halkyň köpasyrlyk dostluk, ynam we özara hormat goýmak ýörelgeleriniň ygtybarly binýadynda guralýan türkmen-türk hyzmatdaşlygynyň möhüm meselelerini ara alyp maslahatlaşmaga döredilen mümkinçilige kanagatlanma bildirdiler.

Berekede beslenýän gatnaşyklar

Her bir ýurtda ösüşleriň, özgerişleriň emele gelmegi alnyp barylýan üstünlikli syýasatyň netijesidir. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň öňdengörüjilikli syýasaty netijesinde ýurdumyzda ykdysadyýetiň ähli pudaklarynda ýylyň-ýylyna uly-uly öňegidişlikleriň, ösüşleriň gazanylmagy netijesinde ýurdumyz gülleýiş mekanyna öwrüldi. Şeýlelikde, bu günki gün halkara jemgyýetçiligi Türkmenistana hyzmatdaşlyk üçin ygtybarly ýurt hökmünde ynam bilen garaýar. Bu bolsa dünýä ýurtlary bilen alnyp barylýan dostlukly gatnaşyklarymyzyň barha giňemegine getirýär. Dost-doganlyk ýollarymyzyň mizemezligi Täjigistan Respublikasy bilen alnyp barylýan, ynanyşmaklyga, ikitaraplaýyn bähbitli başlangyçlara ýugrulan gatnaşyklaryň mysalynda-da äşgär bolýar. Munuň aňyrsynda bolsa Türkmenistan bilen Täjigistanyň halkara meseleleri boýunça garaýyşlarynyň ýakynlygy, iki halkyň taryhynyň we däp-dessurlarynyň meňzeşligi, ýüzýyllyklaryň çuňlugyndan gözbaş alan berk dostluk gatnaşyklary durandyr. Bu gatnaşyklaryň ajaýyp zamanamyzda has-da berkidilmegine gönükdirilen işleriň, başlangyçlaryň barha giň gerime eýe bolýandygy diýseň guwandyryjy ýagdaýdyr. Yzygiderli geçirilýän uly möçberli döredijilik çäreleri, ýurdumyzda Täjigistan Respublikasynyň M

Halkara ähmiýetli wakalar

Gahryman Arkadagymyzyň parasatly başlangyçlaryndan gözbaş alýan «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynyň şanly wakalary, göwünleri galkyndyrýan buşluk habarlary jahanda parahatçylygy dabaralandyrýan wakalar hökmünde taryhy bezeýär. Ine, Hazaryň türkmen kenarynda 6 sany iri halkara çäräniň geçiriljek günleri hem gelip ýetdi. Bu halkara ähmiýetli forumyň mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllyk baýramy bilen gabat gelmegi ýurdumyzyň syýasy durmuşynda möhüm ähmiýetli bolup, bagtyýarlyk döwrüniň taryhyna ýazylar. Bilşimiz ýaly, halkara forum: Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygy; Sebitiň ýurtlarynyň zenanlarynyň dialogy; Merkezi Aziýa ýurtlarynyň milli önümleriniň halkara sergisi; Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ykdysady forumy; Merkezi Aziýa ýurtlarynyň halklarynyň milli tagamlarynyň festiwaly; Sebitiň ýurtlarynyň sungat ussatlarynyň dabaraly baýramçylyk konserti ýaly çärelerden ybaratdyr. Köpugurly hyzmatdaşlygy ösdürmäge gönükdirilen gepleşikleri ilerletmek maksady bilen geçiriljek bu forum Bitarap Türkmenistanyň göz öňünde tutulan ugurlary öz içine alýan meselelere jogapkärçilikli çemeleşýändigini giňden açyp görkezmekde nobatdaky ädim bolar. Ýeri gelende bellesek, bu taryhy çäre tutuş hepdäniň wakalaryn

Milli Liderimiziň ulag diplomatiýasy

Alym Arkadagymyzyň uzak geljegi nazarlaýan parasatly başlangyçlarynyň gymmatyny halkara jemgyýetçiligi öz tejribesinde yzygiderli ykrar edýär. Milli Liderimiziň Beýik Ýüpek ýolunyň döwrebap keşbini dikeltmek bilen, Türkmenistanyň Ýewropa üçin Aziýanyň, Aziýa üçin bolsa Ýewropanyň derwezesi bolup hyzmat edýän üstaşyr ulag geçirijilik mümkinçiliginiň bütin sebitiň ykdysady ýagdaýyna oňyn täsir edip biljek döwrebap mehanizmini döretmek başlangyçlaryny dünýä oňlaýar. 

Hazar deňziniň ýakasy — dost-doganlygyň sakasy

Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllygynyň baýram edilip belleniljek günleriniň öňüsyrasynda, Hazar deňziniň kenar ýakasynda ýerleşýän «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda şu gün birnäçe möhüm halkara ähmiýetli çärelere badalga berildi. Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygy hem-de halkara forumlaryň çäklerinde ikitaraplaýyn duşuşyklar, sergiler we maslahatlar öz işine başlady. Hazar deňzi babatda aýdylanda, ýurt Garaşsyzlygymyzyň geçen sanlyja ýyllaryna ser salyp geçsek, 2007-nji ýylyň oktýabr aýynda II Hazar sammitiniň geçirilendigi köpleriň ýadynda bolsa gerek. Ynha, şol sammitde hem Hazarýaka döwletleriniň Baştutanlary Hazar deňzi babatda möhüm resminama bolan ýörite Jarnama gol çekipdiler. Şondan soň bolsa, Hazar deňzi boýunça gepleşikleriň dowamy 2010-njy ýylyň noýabr aýynda Azerbaýjan Respublikasynyň paýtagty Baku şäherinde geçirilen III Hazar sammitinde öz beýanyny tapdy. Şonda Türkmenistan tarapy Hazar deňzinde adatdan daşary ýagdaýlaryň öňüni almak we olary aradan aýyrmak ulgamynda bäştaraplaýyn ylalaşygy işläp taýýarlamak başlangyjyny aýan edipdi. 2014-nji ýylda bolsa Russiýa Federasiýasynda, ýagny Astrahanda geçirilen Hazarýaka döwletleriniň IV sammitinde Hazar deňzi boýunça Türkmenistanyň başlangyjy bilen öňe

Ýurdumyzyň sebit hyzmatdaşlygy

Türkmenistan daşary syýasy diplomatiýasynyň işini häzirki döwrüň talaplaryna laýyklykda has-da kämilleşdirip, hoşniýetli goňşuçylyga, deňhukuklylyga, sebitiň we dünýäniň ähli döwletleri bilen dostlukly hem-de özara bähbitli hyzmatdaşlyga esaslanan Bitaraplyk syýasatyny alyp barýar. Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan sebitde hem-de bütin dünýäde oňyn gatnaşyklary giňeltmek, berkitmek ugrunda çykyş edýär. Ýurdumyz yklym halklaryny birleşdirýän ylalaşdyryjy merkez hasaplanýar. Türkmenistan gadymdan gelýän hoşniýetli goňşuçylyk däplerine eýerip, Merkezi Aziýa we Hazar basseýniniň sebitlerinde hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny pugtalandyrmaga hem-de yzygiderli ösdürmäge aýratyn ähmiýet berýär. Mälim bolşy ýaly, Merkezi Aziýa dünýä geosyýasatynda we geoykdysadyýetinde möhüm sebit bolup durýar. Türkmenistan Merkezi Aziýa sebitinde möhüm orun eýelemek bilen, global, sebitleýin häsiýetli derwaýys meseleleriň çözülmegine özüniň mynasyp goşandyny goşýar hem-de halkara gatnaşyklar ulgamyndaky ornuny barha pugtalandyrýar. Şu gün — 6-njy awgustda hormatly Prezidentimiziň başlangyjy bilen Türkmenistan «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda dünýä jemgyýetçiliginiň ünsüni özünde jemlejek 6 sany iri möhüm çäreleri ýokary derejede başlady.

Türkmenistan — parahatçylygyň mekany

Parahatçylyga we özara ynanyşmaga aýratyn ähmiýet berýän hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň tagallasy bilen Türkmenistanyň Bitaraplyk hukuk ýagdaýynyň orny halkara derejesinde barha pugtalanýar. 2020-nji ýylyň 12-nji dekabrynda geçirilen «Bitaraplyk syýasaty we onuň halkara parahatçylygy, howpsuzlygy we durnukly ösüşi üpjün etmekdäki ähmiýeti» atly halkara maslahatyň Jemleýji resminamasy BMG-niň alty resmi dilinde çap edilip, agza döwletleriň arasynda resmi taýdan ýaýradyldy. Milli Liderimiziň taýsyz tagallalary, ynsanperwer goldawlary netijesinde goňşy doganlyk döwleti bolan Owganystan Yslam Respublikasy bilen hyzmatdaşlygymyz yzygiderli ösdürilýär. Bu bolsa halkara ulag, energetika we aragatnaşyk ulgamlarynyň işe girizilmegi bilen has-da dabaralanýar. Muny şu ýylyň 14-nji ýanwarynda Owganystan Yslam Respublikasynda Akina — Andhoý menzilleriniň arasyndaky 30 kilometrlik demir ýoluň ulanmaga berilmegi, Lebap welaýatynda Kerki (Türkmenistan) — Şibirgan (Owganystan) ugry boýunça güýjenmesi 500 kilowolt bolan 153 kilometrlik elektrik geçiriji ulgamyň, şeýle hem Mary welaýatynda Ymamnazar (Türkmenistan) — Akina (Owganystan) hem–de Serhetabat (Türkmenistan) — Turgundy (Owganystan) optiki-süýümli halkara ulgamyň işe girizilmegi-de aýdyň subut edýär.