Çarlaklar «çar-çarlap» toýy buşlaýar

4 Awgust 2021
597

Toýa jarçy bolmak döwletli kär. Sebäbi ol ynsan oglunyň bagtly günleriniň sanawyny ýöredýän hasap taýajygynda ýene-de bir kertigi köpeldýär. Munuň üçinem jarçynyň sesi obanyň o başyndan eşidilse-de, juda ýakymlydyr. Gadymy Hazaryň üstünde pel-pelläp, çasly sesleri bilen «jagyl-da-jugul» boluşýan çarlaklar, ana, şol jarçylary ýadyňa salýar. Hormatly Prezidentimiziň awgust aýynyň başynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygyndan, Merkezi Aziýa ýurtlarynyň zenanlarynyň dialogyndan, Merkezi Aziýa ýurtlarynyň milli önümleriniň halkara sergisinden, Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ykdysady forumyndan, Merkezi Aziýa ýurtlarynyň milli tagamlarynyň halkara festiwalyndan, Merkezi Aziýa ýurtlarynyň sungat ussatlarynyň dabaraly baýramçylyk konsertinden ybarat bolan aňrybaş derejeli halkara çäreleri geçirmek baradaky sözlerini eşidip, dessine TMÝG-niň Balkan welaýat Geňeşi bilen habarlaşdyk. Şonda hünärmenleriniň biriniň taýýarlyk işleri barada giňişleýin gürrüň berensoň: «Tolkun atýan gök deňzem, «çar-çarlaýan» çarlaklar-da toýy buşlaýar» diýen sözleri göwnümize juda ýarady. Bu jümleler ýandepderçämizdäki sözbaşylyk setirleriň arasynda öz ornuny tapdy.

Türkmeniň gapysyndan ätlän halkara çäreleriň Awazada geçirilmeginiň meýilleşdirilmegi ýöne ýerden däl. Sebäbi milli Liderimiziň paýhas düründen dörän Awaza halklary birleşdirýän dostluk mekanyna öwrüldi. Oňa geçen ýyllaryň dowamynda bolup geçen halkara derejeli wakalar hem şaýat. 2018-nji ýylda Türkmenbaşyda geçirijilik ukyby ýylda 25 — 27 million tonna ýüke barabar bolan täze Halkara deňiz porty ulanmaga berildi. Şonuň netijesinde daşarky bazarlar bilen köptaraply söwda gatnaşyklary ýola goýuldy. 2019-njy ýylyň 11-12-nji awgustynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda birinji Hazar ykdysady forumy geçirildi. Bu forumda hormatly Prezidentimiz çykyş edip, kenarýaka ýurtlaryň we olarda ýaşaýan halklaryň arasyndaky parahatçylyk, howpsuzlyk, dostluk we özara düşünişmek meseleleri hakynda aýratyn nygtapdy. Dünýäde parahatçylykdan we asudalykdan gymmatly zat ýok. Balalaryň daň säher bilen rahatja uklap ýatanyny synlamak her bir ata-ene üçin tapylgysyz bagt. Olaryň dostluk ýollaryndan ýöräp, elmydama özara sylag-sarpany saklamagyny pederlerimiz ýol edinipdirler. Bu barada Mollanepes şahyr:

Ogulbeg JUMAÝEWA,
«Nesil».