Ýurdumyzyň sebit hyzmatdaşlygy

5 Awgust 2021
676

Türkmenistan daşary syýasy diplomatiýasynyň işini häzirki döwrüň talaplaryna laýyklykda has-da kämilleşdirip, hoşniýetli goňşuçylyga, deňhukuklylyga, sebitiň we dünýäniň ähli döwletleri bilen dostlukly hem-de özara bähbitli hyzmatdaşlyga esaslanan Bitaraplyk syýasatyny alyp barýar. Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan sebitde hem-de bütin dünýäde oňyn gatnaşyklary giňeltmek, berkitmek ugrunda çykyş edýär. Ýurdumyz yklym halklaryny birleşdirýän ylalaşdyryjy merkez hasaplanýar. Türkmenistan gadymdan gelýän hoşniýetli goňşuçylyk däplerine eýerip, Merkezi Aziýa we Hazar basseýniniň sebitlerinde hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny pugtalandyrmaga hem-de yzygiderli ösdürmäge aýratyn ähmiýet berýär.

Mälim bolşy ýaly, Merkezi Aziýa dünýä geosyýasatynda we geoykdysadyýetinde möhüm sebit bolup durýar. Türkmenistan Merkezi Aziýa sebitinde möhüm orun eýelemek bilen, global, sebitleýin häsiýetli derwaýys meseleleriň çözülmegine özüniň mynasyp goşandyny goşýar hem-de halkara gatnaşyklar ulgamyndaky ornuny barha pugtalandyrýar. Şu gün — 6-njy awgustda hormatly Prezidentimiziň başlangyjy bilen Türkmenistan «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda dünýä jemgyýetçiliginiň ünsüni özünde jemlejek 6 sany iri möhüm çäreleri ýokary derejede başlady.

Tyllanur ATAÝEWA
Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Taryh we arheologiýa institutynyň uly ylmy işgäri.