Doganlyk ýurtlaryň we halklaryň bähbitlerini nazarlaýan sebit dialogy

6 Awgust 2021
562

6-njy awgustda Türkmenistanda, Hazaryň kenarynda ýerleşýän «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygy geçirildi.

Çäräniň öň ýanynda belent mertebeli myhmanlar — Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew, Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Žaparow, Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew hem-de Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmon «Awaza» milli syýahatçylyk zolagyna geldiler. Täjik Lideriniň bu gezekki konsultatiw duşuşyga gatnaşmagy onuň Türkmenistana döwlet sapary bilen gabat geldi.