Türkmenistan we Täjigistan strategik hyzmatdaşlygyň şertnamalaýyn-hukuk binýadyny has-da pugtalandyrdylar

5 Awgust 2021
868

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Prezident Emomali Rahmonyň arasyndaky gepleşikler

Aşgabat, 4-nji awgust (TDH). Şu gün paýtagtymyzda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň we düýn ýurdumyza döwlet sapary bilen gelen Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmonyň arasynda gepleşikler geçirildi.