Hazar deňziniň ýakasy — dost-doganlygyň sakasy

5 Awgust 2021
686

Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllygynyň baýram edilip belleniljek günleriniň öňüsyrasynda, Hazar deňziniň kenar ýakasynda ýerleşýän «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda şu gün birnäçe möhüm halkara ähmiýetli çärelere badalga berildi. Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygy hem-de halkara forumlaryň çäklerinde ikitaraplaýyn duşuşyklar, sergiler we maslahatlar öz işine başlady.

Hazar deňzi babatda aýdylanda, ýurt Garaşsyzlygymyzyň geçen sanlyja ýyllaryna ser salyp geçsek, 2007-nji ýylyň oktýabr aýynda II Hazar sammitiniň geçirilendigi köpleriň ýadynda bolsa gerek. Ynha, şol sammitde hem Hazarýaka döwletleriniň Baştutanlary Hazar deňzi babatda möhüm resminama bolan ýörite Jarnama gol çekipdiler. Şondan soň bolsa, Hazar deňzi boýunça gepleşikleriň dowamy 2010-njy ýylyň noýabr aýynda Azerbaýjan Respublikasynyň paýtagty Baku şäherinde geçirilen III Hazar sammitinde öz beýanyny tapdy. Şonda Türkmenistan tarapy Hazar deňzinde adatdan daşary ýagdaýlaryň öňüni almak we olary aradan aýyrmak ulgamynda bäştaraplaýyn ylalaşygy işläp taýýarlamak başlangyjyny aýan edipdi. 2014-nji ýylda bolsa Russiýa Federasiýasynda, ýagny Astrahanda geçirilen Hazarýaka döwletleriniň IV sammitinde Hazar deňzi boýunça Türkmenistanyň başlangyjy bilen öňe sürlen gepleşikler ýene-de dowam etdirildi. Netijede, «Hazar deňzinde adatdan daşary ýagdaýlaryň öňüni almak we aradan aýyrmak babatda hyzmatdaşlyk hakynda», «Hazar deňziniň gidrometeorologiýasy babatda hyzmatdaşlyk etmek hakynda», «Hazar deňziniň suw biologik serişdelerini gorap saklamak we rejeli peýdalanmak hakynda» Ylalaşyklara gol çekildi. Şeýle hem 2018-nji ýylyň 12-nji awgustynda Gazagystan Respublikasynyň Aktau şäherinde geçirilen Hazarýaka döwletleriniň Baştutanlarynyň V sammiti ýatda galyjy taryhy wakalara beslendi. Bu sammitde Azerbaýjanyň, Eýranyň, Gazagystanyň, Russiýa Federasiýasynyň we Türkmenistanyň Prezidentleri Hazar deňziniň hukuk derejesi hakynda Konwensiýa gol çekdiler. Bu resminama dürli ulgamlarda Hazar deňzindäki özara gatnaşyklaryň hukuk kadalaryny pugtalandyrýar. Konwensiýadan başga-da, dürli pudaklardaky özara gatnaşyklara degişli bolan resminamalaryň birnäçesine gol çekildi. 2020-nji ýylyň başynda hem bu babatda Garaşsyz Watanymyzyň gözel paýtagty Aşgabat şäherinde Hazar deňzinde ýüzüşiň howpsuzlygyny üpjün etmek ulgamynda hyzmatdaşlyk hakyndaky Teswirnamanyň taslamasyny ara alyp maslahatlaşmak boýunça Hazarýaka döwletleriniň ygtyýarly wekilleriniň altynjy duşuşygy boldy.

Döwletgeldi HALLYGYLYJOW
Türkmen döwlet neşirýat gullugynyň baş hünärmeni.