Türkmenistan we Täjigistan strategik hyzmatdaşlygyň şertnamalaýyn-hukuk binýadyny has-da pugtalandyrdylar

6 Awgust 2021
609

4-nji awgustda paýtagtymyzda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň we 3-nji awgustda ýurdumyza döwlet sapary bilen gelen Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmonyň arasynda gepleşikler geçirildi.

Ir bilen dostlukly ýurduň Baştutanynyň awtoulag kerweni motosikletçiler toparynyň ugratmagynda paýtagtymyzyň merkezinde ýerleşýän Garaşsyzlyk meýdanyna geldi, bu ýerde belent mertebeli myhmany resmi kabul etmek dabarasy boldy.