Türkmenistan — parahatçylygyň mekany

5 Awgust 2021
864

Parahatçylyga we özara ynanyşmaga aýratyn ähmiýet berýän hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň tagallasy bilen Türkmenistanyň Bitaraplyk hukuk ýagdaýynyň orny halkara derejesinde barha pugtalanýar. 2020-nji ýylyň 12-nji dekabrynda geçirilen «Bitaraplyk syýasaty we onuň halkara parahatçylygy, howpsuzlygy we durnukly ösüşi üpjün etmekdäki ähmiýeti» atly halkara maslahatyň Jemleýji resminamasy BMG-niň alty resmi dilinde çap edilip, agza döwletleriň arasynda resmi taýdan ýaýradyldy.

Milli Liderimiziň taýsyz tagallalary, ynsanperwer goldawlary netijesinde goňşy doganlyk döwleti bolan Owganystan Yslam Respublikasy bilen hyzmatdaşlygymyz yzygiderli ösdürilýär. Bu bolsa halkara ulag, energetika we aragatnaşyk ulgamlarynyň işe girizilmegi bilen has-da dabaralanýar. Muny şu ýylyň 14-nji ýanwarynda Owganystan Yslam Respublikasynda Akina — Andhoý menzilleriniň arasyndaky 30 kilometrlik demir ýoluň ulanmaga berilmegi, Lebap welaýatynda Kerki (Türkmenistan) — Şibirgan (Owganystan) ugry boýunça güýjenmesi 500 kilowolt bolan 153 kilometrlik elektrik geçiriji ulgamyň, şeýle hem Mary welaýatynda Ymamnazar (Türkmenistan) — Akina (Owganystan) hem–de Serhetabat (Türkmenistan) — Turgundy (Owganystan) optiki-süýümli halkara ulgamyň işe girizilmegi-de aýdyň subut edýär.

Kerwen YMAMGULYÝEW
Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň Mary welaýat gümrükhanasynyň işgärler bölüminiň müdiri, kapitan.