HABARLAR

Bahardan bir gün öň...

Ir säher bilen senenama nazar aýlaýaryn. 27-nji fewral. «Ýene bir günden gözel Diýarymyza bahar pasly gelýär» diýip, içimden begenýärin. Emma penjireden daşaryny synlanyňda, göwnüňe bolmasa, aýazly gyş bahara bu ýakynda ornuny bermejek ýaly. Bu ýyl gyşyň ahyrky günleri has aýazly geldi. Çopanlaryň göhüni getiren güýçli ýagşyň yzy gara ýazdy. Ir säher bilen burjy baglan baglary synlanyňda, ýene bir günden baharyň geljegine ynanasyň gelmeýär. Ikirjiňlenip, diwarda asylgy senenama ýene bir gezek nazar aýlanyňy duýman galýarsyň. Emma burjulan şahalarda ak gyrawyň astyndan çalaja jyklaşyp, börtüp oturan pyntyjaklary göreniňde, kalbyňa ýylylyk aralaşýar. Ýere ýyly girip, baharyň mylaýym ýeli daragtlaryň şahalaryny yralap oýaranda, ýaşyl ýapraklar pyntyklaryny ýaryp çykarlar. Emma häzir olar gyşyň ahyrky aýazyndan üýşenýän ýalydylar. Olar ikigöwünlilik bilen, bir görseň-ä, üstlerini duýdansyz basan gar-gyrawa, bir görseňem, gökde ýaldyrap duran Güne seredýän ýaly.

Tebigy baýlyklaryň sährasy

Garagum sährasynyň özboluşly, gaýtalanmajak ekologiýa ulgamy, tebigy baýlyklary bar. Häzirki zaman ösen jemgyýetde tebigy ösümlik baýlyklaryny gorap saklamak, olary rejeli peýdalanmak meselesi esasy derwaýyslyklaryň birine öwrüldi. Bu mesele ösümlik dünýäsine we aňyrsy-bärsi görünmeýän tebigy öri meýdanlara eýe bolan Türkmenistan Diýarymyz üçin hem wajypdyr. Tebigaty goramak boýunça Milli strategiýanyň maksady ekoulgamlaryň ewolýusion ýaşaýyş ukyplylygyny üpjün edýän çärelerden, olaryň san, hil häsiýetnamasyny dikeltmekden ybaratdyr. Garagum çölüniň çürt-kesik kontinental klimat häsiýetleri ösümlikleriň agyr şertlere uýgunlaşmagyny, ýagny olaryň yssa, sowuga çydamlylygyny, süýşýän çägelere, güýçli ýellere, tozanly gaýlara durnuklylygyny, ösümlikleriň ýaşaýan gurşawyna ýokary derejede uýgunlaşmagyny talap edýär. Çölüň ösümlik dünýäsiniň özboluşlylygy çägiň hojalyk taýdan peýdalanylyşynyň, hatda mallaryň bakylyşynyň meýilleşdirilmeginiň zerurlygyny orta çykarýar.

Suw — adamzadyň umumy mirasy

Milli Liderimiziň tagallalarynyň netijesinde ýurdumyzyň ähli sebitlerinde biodürlüligi we tebigy landşafty gorap saklamak, çölleşmäge we ýerleriň zaýalanmagyna garşy göreşmek bilen birlikde, suw serişdelerini rejeli peýdalanmak babatda hem uly işler geçirilýär. Döwlet Baştutanymyzyň şu ýylyň 12-nji fewralynda geçiren Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde Türkmenistanyň Suw kodeksine laýyklykda, ýurduň suw serişdelerini aýawly hem-de netijeli peýdalanmak maksady bilen, gol çeken 2021-nji ýylda welaýatlar we etraplar boýunça suwdan peýdalanmagyň çäklendirilen möçberlerini tassyklamak hakynda Buýrugy hem bu ugurda ähmiýetli taryhy waka boldy.

Bag —zeminiň göwher zynaty

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly başlangyçlaryndan ugur alyp, tebigata aýawly çemeleşmek Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Eziz Diýarymyzda milli we ählumumy derejede ekologiýa howpsuzlygynyň üpjün edilmeginiň bähbidine ýurdumyzda ýaşyl zolaklaryň döredilmegi bolsa, bu ugurda ileri sürülýän beýik işleriň üstünlikli amala aşyrylýanlygyndan habar berýär. Milli Liderimiz bu giň göwrümli maksatnamanyň durmuşa geçirilmegine, halkymyzyň saglygyny goramak, bagtyýar durmuşy hem-de dynç almagy üçin möhüm şert hökmünde aýratyn üns berýär. Ata Watanymyzda dürli daragtdyr agaçlaryň, al-elwan gülleriň toprak-howa şertlerine uýgunlaşdyrylan köp sanly görnüşlerini ösdürip ýetişdirmek we olary köpeltmek, ýaýratmak barada uly aladalar edilýär. Soňky ýyllarda güneşli Diýarymyzyň ähli ýerlerinde pürli, ýaprakly we miweli bag nahallarynyň, üzümiň millionlarçasy oturdylýar. Her ýyl bahar hem-de güýz pasyllarynda mähriban Arkadagymyzyň gatnaşmagynda ýurdumyzda däbe öwrülen ählihalk bag ekmek çäresi geçirilýär. Hormatly Prezidentimiziň şu ýylyň 12-nji fewralynda geçiren Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde gol çeken taryhy Kararyna laýyklykda, Türkmenistanyň Garaşsy

Ösümlik dünýäsiniň täsinlikleri

Ýer ýüzünde ösümlikleriň 375 müňüsi bolup, olaryň 250 müňüsi gülli ösümliklerdir. * * *

Pasyllar baradaky ýorgutlar

Ata-babalarymyz ot-çöpleri, janly-jandarlary, asman ahwalatlaryny synlap, pasyllar baradaky ýorgutlary, yrymlary, nakyllary nesillere miras goýupdyrlar. Gumlular şu günler hem çarwa hasaby bilen maldarçylyk işlerini aşakdaky ýorgutlara, aýtgylara görä ýöredýärler. Gyş gelenini burun biler, ýaz gelenini garyn biler

Ýaza tarapdyr

Togsan dolup, jöwherlenip nazarlar,Indi göwünlermiz ýaza tarapdyr!Tisginjiräp serdar guş dek gözeller —Hymmyla tarapdyr — näze tarapdyr! Owal ýörelmedik ýoldan ýöredim,Ogryn-ogryn bakyşlardan eredim,Garrylygy ret eden döwedimGöterlip-göterlip şygra tarapdyr!

Gandymyň seýrek görnüşi

Biziň tebigatymyz ösümliklere baý. Ýöne uzak ýyllaryň dowamynda şol ösümlikleriň san taýdan seýrekläni-de, ünsli goraga mätäçleri-de bar. Şolaryň biri-de «Gamgyn gandym» agajydyr. Ol kyrkbogunlylar maşgalasyna degişli ýarymgyrymsy agaçjykdyr. Onuň boýy 50 santimetr töweregi, baldagy agaçlaşan, ýere golaý ösýär. Ýapraklary bogunly. Ownujak ak gülli. Miweleri gyzyl, kähalatlarda sarymtyl, şarşekilli, gyldyrganly. Ol baldaklaryny dökýän, gurakçylyga çydamly ösümlikleriň biri bolup, tohumlaryndan köpelýär. Köpeliş döwri 4-5 ýyldan soň başlanýar. Aprel-maý aýlarynda gülleýär, iýun-iýul aýlarynda miweleýär. Ol Kiçi Balkanyň günorta-günbatarynda, Gumdag şäherçesiniň töwereginde ösýär. Çäge syramagy bilen dörän, bozulan ulgam-aklaň çägeliklerde, gipsli toýunlaryň açylan ýerlerinde bitýär. 2008-nji ýylda bilermenler tarapyndan geçirilen sanawlaryň we barlaglaryň netijesinde bu agajyň 20-den gowrak düýbi hasaba alyndy.

Gözel tebigatymyza buýsanç

Tebigat bilen sazlaşykly ýaşamak, daş-töweregimizi gurşap alýan gözelliklere hossarlyk gözi bilen garamak türkmen halkynyň nesilden-nesle dowamat-dowam bolup gelýän ajaýyp häsiýetleriniň biridir. Bular ýaly häsiýet Ýer togalagynda bar bolan ähli halklara mahsusdyr. Şeýle hem agzybir halkymyzyň bagy-bossanlyga, haýwanat dünýäsine bolan garaýşynda aýratyn bir adaty bolmadyk mähremlik alamatlary mese-mälim duýulýar. Mälim bolşy ýaly, döwlet Baştutanymyzyň parasatly başlangyjy bilen ýurdumyzda ýylyň-ýylyna güýz we ýaz pasyllarynda köpçülikleýin bag ekişlik dabaralarynyň geçirilmegi, eziz Diýarymyzyň gözelliginiň has-da artdyrylmagy bilen bilelikde ekologiýa abadançylygynyň derejesini-de ýokarlandyrýar. Ynha, 12-nji fewralda geçirilen Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllygy mynasybetli ekilýän bag nahallarynyň möçberini artdyrmak maksady bilen Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Munuň özi saýaly, pürli, miweli baglaryň we üzümiň has-da köpelmegine, tebigatymyzyň has-da gözelleşmegine oňat täsirini ýetirer.

Tebigaty — gül-gülüstün, ady — dillerde dessan

Baý ösümlik we haýwanat dünýäsi bilen tapawutlanýan ýurdumyzyň gözel tebigaty ýylyň islendik paslynda adamlary özüne maýyl edýär. Allanyň nazary siňen bu keramatly topragymyzy, ajaýyp tebigatymyzy şahyrlar şygyrlarynda, bagşylar aýdymlarynda, ýazyjylar bolsa kyssa eserlerinde ýokary çeperçilik derejesinde inçelik bilen wasp etmegi başarypdyrlar. Garaşsyz we hemişelik Bitarap Türkmenistan Watanymyzda tebigaty goramak babatda döwlet derejesinde uly işler alnyp barlyp, bu ugurda kanunçylyk ulgamy hem yzygiderli kämilleşdirilýär. 2020-nji ýylda kabul edilen «Ekologiýa maglumaty hakynda» Türkmenistanyň Kanunyny munuň aýdyň subutnamalarynyň biri hökmünde görkezmek bolýar. Bu kanun ekologiýa maglumatlaryna elýeterliligi üpjün etmegiň hukuk, guramaçylyk, ykdysady we durmuş esaslaryny kesgitleýär hem-de ýuridik we fiziki şahslaryň daşky gurşawyň ýagdaýy we tebigy serişdeler barada doly, dogry we öz wagtynda maglumaty almaga bolan hukuklaryny üpjün etmäge gönükdirilendir.