Baý ösümlik we haýwanat dünýäsi bilen tapawutlanýan ýurdumyzyň gözel tebigaty ýylyň islendik paslynda adamlary özüne maýyl edýär. Allanyň nazary siňen bu keramatly topragymyzy, ajaýyp tebigatymyzy şahyrlar şygyrlarynda, bagşylar aýdymlarynda, ýazyjylar bolsa kyssa eserlerinde ýokary çeperçilik derejesinde inçelik bilen wasp etmegi başarypdyrlar.
Garaşsyz we hemişelik Bitarap Türkmenistan Watanymyzda tebigaty goramak babatda döwlet derejesinde uly işler alnyp barlyp, bu ugurda kanunçylyk ulgamy hem yzygiderli kämilleşdirilýär. 2020-nji ýylda kabul edilen «Ekologiýa maglumaty hakynda» Türkmenistanyň Kanunyny munuň aýdyň subutnamalarynyň biri hökmünde görkezmek bolýar. Bu kanun ekologiýa maglumatlaryna elýeterliligi üpjün etmegiň hukuk, guramaçylyk, ykdysady we durmuş esaslaryny kesgitleýär hem-de ýuridik we fiziki şahslaryň daşky gurşawyň ýagdaýy we tebigy serişdeler barada doly, dogry we öz wagtynda maglumaty almaga bolan hukuklaryny üpjün etmäge gönükdirilendir.