Bag —zeminiň göwher zynaty

24 Fewral 2021
1952

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly başlangyçlaryndan ugur alyp, tebigata aýawly çemeleşmek Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Eziz Diýarymyzda milli we ählumumy derejede ekologiýa howpsuzlygynyň üpjün edilmeginiň bähbidine ýurdumyzda ýaşyl zolaklaryň döredilmegi bolsa, bu ugurda ileri sürülýän beýik işleriň üstünlikli amala aşyrylýanlygyndan habar berýär. Milli Liderimiz bu giň göwrümli maksatnamanyň durmuşa geçirilmegine, halkymyzyň saglygyny goramak, bagtyýar durmuşy hem-de dynç almagy üçin möhüm şert hökmünde aýratyn üns berýär. Ata Watanymyzda dürli daragtdyr agaçlaryň, al-elwan gülleriň toprak-howa şertlerine uýgunlaşdyrylan köp sanly görnüşlerini ösdürip ýetişdirmek we olary köpeltmek, ýaýratmak barada uly aladalar edilýär. Soňky ýyllarda güneşli Diýarymyzyň ähli ýerlerinde pürli, ýaprakly we miweli bag nahallarynyň, üzümiň millionlarçasy oturdylýar. Her ýyl bahar hem-de güýz pasyllarynda mähriban Arkadagymyzyň gatnaşmagynda ýurdumyzda däbe öwrülen ählihalk bag ekmek çäresi geçirilýär.

Hormatly Prezidentimiziň şu ýylyň 12-nji fewralynda geçiren Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde gol çeken taryhy Kararyna laýyklykda, Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllygy mynasybetli 2021-nji ýylda ýurdumyz boýunça saýaly, pürli, miweli baglaryň we üzümiň 30 million düýbüni ekmek tabşyryldy. Bu bolsa eziz Diýarymyzy bagy-bossanlyga öwürmek baradaky alnyp barylýan işleriň has-da ýaýbaňlandyrylýandygyny subut edýär.

Nurmuhammet WELIÝEW,
kapitan.