Garagum sährasynyň özboluşly, gaýtalanmajak ekologiýa ulgamy, tebigy baýlyklary bar. Häzirki zaman ösen jemgyýetde tebigy ösümlik baýlyklaryny gorap saklamak, olary rejeli peýdalanmak meselesi esasy derwaýyslyklaryň birine öwrüldi. Bu mesele ösümlik dünýäsine we aňyrsy-bärsi görünmeýän tebigy öri meýdanlara eýe bolan Türkmenistan Diýarymyz üçin hem wajypdyr. Tebigaty goramak boýunça Milli strategiýanyň maksady ekoulgamlaryň ewolýusion ýaşaýyş ukyplylygyny üpjün edýän çärelerden, olaryň san, hil häsiýetnamasyny dikeltmekden ybaratdyr.
Garagum çölüniň çürt-kesik kontinental klimat häsiýetleri ösümlikleriň agyr şertlere uýgunlaşmagyny, ýagny olaryň yssa, sowuga çydamlylygyny, süýşýän çägelere, güýçli ýellere, tozanly gaýlara durnuklylygyny, ösümlikleriň ýaşaýan gurşawyna ýokary derejede uýgunlaşmagyny talap edýär. Çölüň ösümlik dünýäsiniň özboluşlylygy çägiň hojalyk taýdan peýdalanylyşynyň, hatda mallaryň bakylyşynyň meýilleşdirilmeginiň zerurlygyny orta çykarýar.