Biziň tebigatymyz ösümliklere baý. Ýöne uzak ýyllaryň dowamynda şol ösümlikleriň san taýdan seýrekläni-de, ünsli goraga mätäçleri-de bar. Şolaryň biri-de «Gamgyn gandym» agajydyr. Ol kyrkbogunlylar maşgalasyna degişli ýarymgyrymsy agaçjykdyr. Onuň boýy 50 santimetr töweregi, baldagy agaçlaşan, ýere golaý ösýär. Ýapraklary bogunly. Ownujak ak gülli. Miweleri gyzyl, kähalatlarda sarymtyl, şarşekilli, gyldyrganly. Ol baldaklaryny dökýän, gurakçylyga çydamly ösümlikleriň biri bolup, tohumlaryndan köpelýär. Köpeliş döwri 4-5 ýyldan soň başlanýar. Aprel-maý aýlarynda gülleýär, iýun-iýul aýlarynda miweleýär.
Ol Kiçi Balkanyň günorta-günbatarynda, Gumdag şäherçesiniň töwereginde ösýär. Çäge syramagy bilen dörän, bozulan ulgam-aklaň çägeliklerde, gipsli toýunlaryň açylan ýerlerinde bitýär. 2008-nji ýylda bilermenler tarapyndan geçirilen sanawlaryň we barlaglaryň netijesinde bu agajyň 20-den gowrak düýbi hasaba alyndy.