Milli Liderimiziň tagallalarynyň netijesinde ýurdumyzyň ähli sebitlerinde biodürlüligi we tebigy landşafty gorap saklamak, çölleşmäge we ýerleriň zaýalanmagyna garşy göreşmek bilen birlikde, suw serişdelerini rejeli peýdalanmak babatda hem uly işler geçirilýär.
Döwlet Baştutanymyzyň şu ýylyň 12-nji fewralynda geçiren Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde Türkmenistanyň Suw kodeksine laýyklykda, ýurduň suw serişdelerini aýawly hem-de netijeli peýdalanmak maksady bilen, gol çeken 2021-nji ýylda welaýatlar we etraplar boýunça suwdan peýdalanmagyň çäklendirilen möçberlerini tassyklamak hakynda Buýrugy hem bu ugurda ähmiýetli taryhy waka boldy.