Pakistanda ýapon ekerançy alymlary tarapyndan işlenip düzülen «Miýawiki» usuly boýunça ýöriteleşdirilen Tokaý maksatnamasyna badalga berildi. Bu usul bilen ozalkylaryndan 10 esse çalt we 30 esse gür agaçlygy ýetişdirmek mümkindir.
Taslamanyň başynda ýurduň premýer-ministri, kriket boýunça öz döwründe dünýäniň iň güýçli türgenleriniň hatarynda tanalan Imran Han dur. Hatda täze taslama hakynda onuň özi şeýle düşündiriş berdi: «Ýaponiýada şeýle gysga döwürde gür tokaýlygy emele getirip bolýandygyna hut özüm şaýat boldum. Bu ýagdaý howanyň hapalanmagynyň garşysyna hem çalt we netijeli göreş bolar. Munuň üçin Lahorda 1 –2 gektara barabar bolan 50 sany ýeri saýlap aldyk. Ilkinji synaglar örän üstünlikli geçdi».