HABARLAR

Bit­gin­li bag­la­ryň bag­ba­ny

Öwezgeldi aga haly-malyny, tutuş barlygyny ene topraga bagyş edip, biregne 43 ýyl obasynda toparýolbaşçy (brigadir) bolupdy. Mele topraga goýlan gadyr hem oňa edilen hyzmat onuň ogul-gyz, agtykdyr çowluk, umuman, nesil-neberesini hor-zar etmän gelýär. 5 ogul, 3 gyzy terbiýeläp, il hataryna goşan, uly obanyň toý-tomgusynda bekewül bolan golamançy daýhanyň yzy ýitmedi. Ogullarynyň üçüsi «Ýykylsaň, ýere ýapyş» diýlenini edip, görseň gözüňi egleýän ajap bag ýetişdirmegiň hötdesinden geldi. Ýüzleri Gün howruna mazaly ýanyp, sowuga gaýzygan, ýogyn bilekleri işe werdiş oba oglany Dädebaýa gyş gelip, iş azalanda giň meýdanlar dar göründi. Şeýdibem ol paýtagta, gurluşyk işlerinde işlemäge gaýtdy. Ol ýerde işiň uly-kiçisine bakman, baryny birhaýukda elden geçirdi. Başarnygyny synap gördi. Dädebaý dura-bara gurulýan binalardan özbaşyna paý alyp, özi ýaly dogumy içine sygmaýan gaýratly ýigitlerden daşyny gallady. Iň zamanabap görnüşde gurulýan belentden-belent binalarda öz eliň yzlaryny görmek, ilkibaşda juda buýsançlydy. Aradan wagt geçip, birwagtky kalp töründen orun alan bag ekmek hyjuwy aňynda at saldy. Ýolugra bag görünse, gözi eglendi. Ahyrynda bu oýlar ony yzyna dolady. Ol muňa ýeriň özüne çekiji güýji diýip düşünýär. Nirede bolsaňam, haýsy kärden hörek i

Güller - gözelligiň ganaty (liriki oýlanma)

Ýürekleri heýjana salýan türkmen ýaýlasyna begres donuny egnine atynyp, bahar geldi. Onda-da türkmen topragyny bezeýän, dürli reňkler bilen öwşün atýan türkmen baharyny diýsene! Meýdanda açylan gülälekleriň ýaşyl baldajyklaryndaky säher çygynyň damjalary birgeňsi bolup, ýüregiňi gobsundyrýar. Gülleriň atyr ysynyň tolkunlary eýýäm kebeleklere, bal arylara, dürli mör-möjeklere ýetişen ýaly. Olar wazzyldaşyp, gülden-güle gonýarlar. Bu owazlar tebigatyň ajaýyplygy bilen sazlaşyp, özboluşly durmuş mukamyny emele getirýär. Güller... Owadan dünýäniň bezegi, gözelligiň ganaty güller. Güller öz tebigaty boýunça owadan, näzik. Iň gowy zatlara «gül ýaly» diýip, göwünler hoşlanýar. Gyzjagaz dünýä inende, näziklige, güle ýanap, Aýgül, Bägül, Çemen, Gülälek, Gülzada, Gülşat ýaly atlary dakýarlar. Gül ýaňaklaryň, gül ýüzüň, gül ýaly çagajyk, gül ýaly maşgala, gül ýaly gyz, gül ýaly gelin, gül ýaly durmuş... garaz, aňyrsyna ýetip bolmaýan gül bilen bagly deňeşdirmeler hem halkymyza adat bolup galypdyr.

Gün hakynda gyzykly maglumatlar

Köp adamlar Günüň reňki sary ýa-da mämişi diýip pikir edýärler, aslynda onuň reňki akdyr.***«Atmosferanyň dargatmagy» netijesinde Gün şöhlesiniň reňki sary görünýär.***Gün biziň galaktikamyz bolan «Akmaýanyň ýolunyň» daşyndan aýlanýar.***Günüň doly aýlaw etmegi üçin 225-250 million ýyl gerek bolýar.***Gün bilen Ýeriň aralygy 150 million kilometr bolup, onuň şöhlesi ýere 8 minutda gelýär.***Bize Günden soňky ikinji ýakyn asman jisimi Sentawra ýyldyzydyr.***Günüň diametri 1 392000 kilometr bolup, Ýeriň diametrinden 109 esse uludyr.***Gün tutulma hadysasy bir ýylda azyndan iki gezek bolup geçýär. Ýer ýüzüniň haýsy hem bolsa bir nokadynda doly Gün tutulmasyny ortaça 200 — 300 ýylda bir gezek synlap bolýar.***Tomsuna gündiziň dowamlylygy Maltada (Günorta Ýewropa) 10 sagada, Samarkantda (Özbegistan) 15 sagada, Stokgolmda (Şwesiýa) 18 sagada, polýar aýlawyň aňyrsynda ýerleşýän Şwesiýanyň Kiruna şäherinde bolsa, 24 sagada ýetýär.***Kirunada gyş paslynyň dowamynda Gün görünmeýär.***Marokkoda (Demirgazyk Afrika) we Brisbende (Awstraliýa) ýylyň dowamyndaky güneşli günleriň sany 300-e ýetýär.***Her sekuntda Günüň düzümindäki wodorodyň 700 milliard tonnasy ýanýar.

Mukaddes ýörelge

Hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzy bagy-bossanlyga öwürmek baradaky durmuşa geçirýän taryhy işleri bütin halkymyz tarapyndan goldanylyp, Watanymyzyň görküne görk goşýar. Muňa ýurdumyzda her ýyl ählihalk bag ekmek dabarasynyň döwlet derejesinde geçirilmegi, oňa bütin halkymyzyň işjeň gatnaşmagynda miweli we saýaly baglaryň, üzümiň ekilmegi, öňki ekilen baglara zerur bolan degişli idegleriň geçirilmegi hem-de şeýle mukaddes ýörelgäniň netijesinde daş-töweregimiziň al-ýaşyl bagy-bossanlyga öwrülmegi aýdyň subutnama bolup durýar. Şeýle işler 3-nji derejeli kapitan Tirkiş Mämmedowyň serkerdelik edýän serhet birikmesinde-de üstünlikli amala aşyrylýar. Ekilen baglara wagtly-wagtynda ideg edilip, düýpleri ýumşadylyp, haşal otlardan arassalanylýar. Häzirki wagtda hormatly Prezidentimiziň taýsyz aladalary bilen baglar damjalaýyn usulda suwarylýar. Bu, ekologik taýdan peýdaly bolup, suwuň tygşytly ulanylmagy we agaç nahallarynyň gowy suwarylmagy üçin zerur bolup durýar. Hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň belleýşi ýaly, tebigata aýawly çemeleşmek, dag etekleriniň, ýaýlalaryň we sähralaryň ösümlik hem-de haýwanat dünýäsini goramak, ýurdumyzyň tebigy aýratynlyklaryny degişli derejede saklamak bilen baglanyşykly meseleler döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolu

Bag — durmuşyň bezegi

Ähmiýetli iş Türkmenistany bagy-bossanlyga büremek boýunça giň möçberli işler durmuşa geçirilýär. Bu sogap iş adamlarda agzybirlik we ruhubelentlik duýgularyny döredýär. Bag ekmek tebigatyň ekologiýa abadançylygyny üpjün edýär. Her ýylyň ýaz we güýz paslynda Gahryman Arkadagymyzyň göreldesine eýerip, türkmen halkymyz bag ekmek dabarasyna işjeň gatnaşýar.

Wagtyň gadyry

Gülleri gowy görýärin. Bahar pasly meniň üçin aýratyn üýtgeşik, edil toý ýaly bolup görünýär. Çünki meýdanda açylýan güller bilen baglardaky daragtlaryň gülleri, ýaşylja otlar, saryja güller birleşip, göz öňüňde bütin barlyk toý tutýan ýaly duýgyny döredýär. Onsoň, heý, kalbyň şatlanmazmy? Bu duýgulary özüňe hemişelik hemra etmegiň ýekeje ýoly bar. Ol hem daýhan, bagban bolup, bag-bakja ýetişdirmek. Şonda seniň ömrüň gülleriň arasynda geçer. Özüňem şol güller ýaly owadan bolarsyň. Munuň üçin yhlas, zähmetem gerek welin, obada ekin ekip, hasyl almak üçin ýeriň bolmagy hem gerek. Onsoň işläber içinden çykman! Möwsümi gelende ekiber, bejeriber! Yhlasyň kän garaşdyrman, miwe berer. Başga biriniň: «Gürlemek aňsat, işlemek kyn» diýmegi hem mümkin. Ýöne çagalykdan obada önüp-ösenleriň ählisinde bolşy ýaly, topraga söýgi, ýere yhlas biziň ganymyzda bar. Indi bu hakda ýygy-ýygydan pikir edýärin. Hakyky şatlyk päk zähmetde, der dökülip gazanylan nygmatda! Şonda bar zadyň gadyry başgaça bolýar.

Howa maglumaty

Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa baradaky gullugynyň ýurdumyzda şu hepdäniň dowamynda boljak howanyň ýagdaýy barada berýän maglumaty: Balkan welaýatynda üýtgäp durýan bulutly howa bolup, hepdäniň başynda we ikinji ýarymynda ýagyş ýagar, ýyldyrym çakmagy mümkin. Gündogardan demirgazyk-günbatara ugruny üýtgedýän, tizligi sekuntda 7 — 12 metrden 13 — 18 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijelerine +10... +15 gradusdan +14... +19 gradus aralygynda maýyl, gündizlerine +28... +33 gradus, kenarýaka etraplarda +22... +27 gradus maýyl bolar.

Tebigat — umumy öýümiz

Häzirki wagta çenli jemgyýet bilen tebigy gurşawyň özara täsiri adamzadyň ösüşiniň ähli döwürlerinde wajyp meseleleriň biri bolup geldi. Tebigaty we onuň baýlyklaryny rejeli peýdalanmak, ony goramak ýaly meseleler, hut adamzadyň ýaşaýyş gurşawy hökmünde, onuň durmuşynda, ykdysady we jemgyýetçilik işlerinde, dünýä möçberinde ilkinji orna çykdy. Tebigat sözüň giň manysynda — bu ähli daşymyzy gurşap alýan barlykdyr. Ol diňe Ýer togalagy bolmak bilen çäklenmän, eýsem, kosmiki jisimleri hem öz içine alýar. Bu düşünje älem, jahan diýen ýaly düşünjeler bilen bir hatarda durýar. Tebigata adamzat jemgyýetiniň ýaşamagy üçin zerur bolan tebigy şertleriň jemi hökmünde hem garalýar.

«Ýylan kelleli» kebelek

Kebelekleriň Ýer ýüzünde örän köp görnüşi bar. Şeýle kebelekleriň biri hem tawus gözli atlas kebelegidir (attacus atlas). Ol ululygy we owadanlygy bilen tapawutlanýar. Teňňeganatlylaryň iň uly wekili hasaplanýar. Tawus gözli atlas kebelegi Indoneziýanyň Ýawa adasynda hasaba alyndy. Mundan başga-da, oňa Hytaýda, Hindistanda, Wýetnamda, Pakistanda, Malaýziýada, Filippinlerde we Täze Gwineýada duş gelmek bolýar. Tawus gözli atlas kebeleginiň ganatlarynyň uzynlygy 24 – 27 santimetre barabar. Tawus gözli atlas kebeleginiň ganatlarynyň öňki böleginde ösüntgisi bolup, ýylanyň kellesini ýadyňa salýar. Şol sebäpli kebelegi «Ýylan kelleli» diýip hem atlandyrýarlar. Bu kebelekler gijesine işjeň bolýarlar.

«Menekli köl»

Kliluk köli – Ýer togalagynyň özboluşly kölleriniň biri bolup, ol Kanadada ýerleşýär. Bu kölüň özboluşly aýratynlygy hem üsti gaty çarçuwaly köp reňkli tegmiller bilen örtülenligidir. Köl daşky görnüşi bilen göreni haýran edýär. Kölüň ini 250 metr we uzynlygy 700 metre golaý. Magniý, kalsiý, natriý, kümüş we titan sulfaty ýaly minerallar kölüň suwunyň reňkine özboluşly täsir edýär. Şeýle hem onda kalsiýniň we natriý sulfatynyň uly ätiýaçly gorlary bar. Bu ýerde mikroorganizmleriň käbir görnüşinden başga janly-jandar ýaşamaýar. Kliluk köli adaty köle meňzese-de, tomsuň yssy günlerinde özboluşly görnüşe eýe bolup başlaýar, suwy bugarýar. Bu döwürde kölüň üstünde dürli şekilli we reňkli tegmiller, menekler emele gelýär. Tegmilleriň reňki möwsüme we howa şertlerine görä üýtgeýär. Tegmilleriň üsti güýçli gaty gabyk bilen örtülip, hatda üstünde gezim hem edip bolýar.