Ýurdumyzyň daglarynda we çöllerinde dürli görnüşli ösümlikler duş gelýär. Olaryň her biri uzak wagtyň dowamynda toprak we howa şertlerine laýyklykda döwürleýin üýtgäp durýan, elementleriň ýaşaýşy üçin zerur bolan ekologiýa ýagdaýlaryna uýgunlaşýar. Ondan başga-da, beýleki organizmler bilen bilelikde ösüp, olar öz kowumdaşlarynyň, haýwanlaryň, kömelekleriň we mikroorganizmleriň täsirine düşýärler.
Gülleýiş möwsüminden «galan» mör-möjekleri özüne çekmek üçin ösümlikleriň käbiri maslykçy we ders siňekleridir çirkeýler üçin özboluşly ys ýaýradýar. Şonuň ýaly ösümlikleriň biri «Altyn asyr» Türkmen kölüniň kenarynda ýüze çykaryldy. Bu ösümlik «Garnyýaryk» diýlip atlandyrylýar. Ol köplenç, çöketlikleriň düýbünde ýa-da gum ýapgytlarynyň iň aşaky eteginde bitýär. Garnyýaryk — soganpisint kökli köpýyllyk ösümlik bolup, ýaz paslynda gülleýär we miweleýär.