Deňizleriň çuňluklarynda hem-de gury ýerde bedeni ýagtylyk bölüp çykarýan jandarlara gabat gelinýär. Batgalyklaryň golaýynda tokaýlyklarda ýaşaýan ýalpyldawuk tomzaklara latynça «lampyridae» diýilýär. Bu jandarlar çygly howany halaýandygy üçin tropik we ýyly ýerlerde ýaşaýarlar. Olaryň iň tapawutly aýratynlygy bedeniniň gysga wagtlyk «sowuk» yşyk ýaýratmagydyr. Bu hadysa olaryň bedeninde bolup geçýän käbir himiki reaksiýalaryň netijesinde ýüze çykýar. Olaryň garnyndaky öýjüklerden «lýusiferin» atly madda bölünip çykýar. Bu madda kisloroda galtaşmagy arkaly başga bir madda öwrülýär. Şonuň netijesinde bu öýjükler ýagtylyk saçýarlar. Yşyk yzygiderli ýanyp, sönýär. Onuň ýanyp-sönüş ýygylygy tomzagyň görnüşine görä üýtgeýär. Içi spirally lampalar ýananda, energiýanyň belli bir bölegini ýagtylyga, köp bölegini gyzgynlyga öwürýär. Ýaldyrawuk tomzaklar bolsa, yşyk ýaýradýan mahaly gyzmaýarlar. Onuň ýagtylygynda infragyzyl we ultramelewşe şöhleler bolmaýar. Bu tomzak sary, ýaşyl we öçügsi gyzyl ýagtylyk saçýar. Ýaldyrawuk tomzagyň 2100 görnüşi bolup, olaryň käbiri uçup bilmeýär.