Türkmen sährasynyň ajaýyp ösümlikleriniň biri-de sözendir. Sözen güllände, örän owadan keşbe girýär. Onuň şahalarynyň melewşe reňkli, salkym gül toplumlary, süýrümtik-güberçek şekilli peşmekleri oňa has-da owadanlyk berip, türkmen tebigatynyň gözelligine gözellik goşýar.
Sahawatly türkmen topragynyň gözelligine görk goşýan her bir ösümligi aýratyn häsiýete eýe bolup, olar diňe bir ekologiýa babatda däl, eýsem, ynsan saglygy üçin hem diýseň peýdalydyr. Sähra ösümlikleri halkymyzyň durmuşynda dürli ugurlarda peýdalanylýar. Şol sebäpden tebigatymyzyň ajaýyp ösümlik dünýäsini gorap saklamak, ony geljekki nesillerimize ýetirmek esasy borjumyzdyr.