Gyrymsy agaçlaryň arasynda özüniň owadanlygy bilen tapawutlanýan Rododendron bezeg hökmünde ekilýän ösümlikdir.
Mydama ýaşyl öwsüp oturýan bu ösümligiň Ýer ýüzünde ortaça 1000-e golaý görnüşi arktiki ýerlerden tropiki ýerlere çenli ýaýrandyr. Ol daglyk ýerlerde gowy ösýär. Rododendronyň beýikligi görnüşine baglylykda, 10 santimetrden 10 metre çenli ýetip bilýär. Biri-birinden owadan gülleri gül çogdamynda ýerleşip, bir gül okarajygynda 15-e çenli gül ýapraklary bolýar. Gülleriniň göwrümi ortaça 6 – 10 santimetr, käbiriniňki bolsa 20 santimetre hem ýetip bilýär. Ady grek dilinde «Bägül agajy» diýmegi aňladýan bu täsin ösümlige dürli hili şekil berilýär we bezeg hökmünde giňden ösdürilip ýetişdirilýär.