Wagtyň gadyry

13 Aprel 2021
1894

Gülleri gowy görýärin. Bahar pasly meniň üçin aýratyn üýtgeşik, edil toý ýaly bolup görünýär. Çünki meýdanda açylýan güller bilen baglardaky daragtlaryň gülleri, ýaşylja otlar, saryja güller birleşip, göz öňüňde bütin barlyk toý tutýan ýaly duýgyny döredýär. Onsoň, heý, kalbyň şatlanmazmy? Bu duýgulary özüňe hemişelik hemra etmegiň ýekeje ýoly bar. Ol hem daýhan, bagban bolup, bag-bakja ýetişdirmek. Şonda seniň ömrüň gülleriň arasynda geçer. Özüňem şol güller ýaly owadan bolarsyň. Munuň üçin yhlas, zähmetem gerek welin, obada ekin ekip, hasyl almak üçin ýeriň bolmagy hem gerek. Onsoň işläber içinden çykman! Möwsümi gelende ekiber, bejeriber! Yhlasyň kän garaşdyrman, miwe berer.

Başga biriniň: «Gürlemek aňsat, işlemek kyn» diýmegi hem mümkin. Ýöne çagalykdan obada önüp-ösenleriň ählisinde bolşy ýaly, topraga söýgi, ýere yhlas biziň ganymyzda bar. Indi bu hakda ýygy-ýygydan pikir edýärin. Hakyky şatlyk päk zähmetde, der dökülip gazanylan nygmatda! Şonda bar zadyň gadyry başgaça bolýar.

Aýjemal OMAROWA.
«Türkmenistan».