Tebigat — umumy öýümiz

11 Aprel 2021
1832

Häzirki wagta çenli jemgyýet bilen tebigy gurşawyň özara täsiri adamzadyň ösüşiniň ähli döwürlerinde wajyp meseleleriň biri bolup geldi. Tebigaty we onuň baýlyklaryny rejeli peýdalanmak, ony goramak ýaly meseleler, hut adamzadyň ýaşaýyş gurşawy hökmünde, onuň durmuşynda, ykdysady we jemgyýetçilik işlerinde, dünýä möçberinde ilkinji orna çykdy.

Tebigat sözüň giň manysynda — bu ähli daşymyzy gurşap alýan barlykdyr. Ol diňe Ýer togalagy bolmak bilen çäklenmän, eýsem, kosmiki jisimleri hem öz içine alýar. Bu düşünje älem, jahan diýen ýaly düşünjeler bilen bir hatarda durýar. Tebigata adamzat jemgyýetiniň ýaşamagy üçin zerur bolan tebigy şertleriň jemi hökmünde hem garalýar.

Gözel ORAZOWA,
Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa institutynyň uly ylmy işgäri.