HABARLAR

Guşlara mahsus häsiýetler

Eziz Diýarymyzyň biologik dürlüliginiň baýlygy onuň geografiýa taýdan ýerleşişi we ýerüstüniň aýratynlygy, haýwanat dünýäsiniň ösüşiniň özboluşlylygy bilen şertlendirilýär. Häzirki wagtda ýurdumyzyň çäginde oňurgaly haýwanlaryň 704 görnüşi hasaba alnyp, olaryň aglaba bölegi guşlardyr. Ýurdumyzda guşlaryň 400-den gowrak görnüşi bar. Bathyz döwlet tebigy goraghanasynda olaryň 255 görnüşi hasaba alyndy. Guşlaryň köpgörnüşliligine görä, olaryň käbirleri oturymly ýaşaýyş keşbini alyp barýarlar, käbirleri höwürtgeleýärler, beýlekileri bolsa bu ýerde diňe geçip barýarkalar düşleýärler ýa-da gyşlamaga gelýärler. Suwly ýere mahsus guşlar Tejen derýasynyň kenarlarynda we Ýeroýulanduzuň köllerinde gyşlaýarlar. Ýyrtyjy guşlaryň Bathyzdaky sany 39 görnüşden ybaratdyr. Ýylançy gyrgy, sähra göwenegi, sykylykçy gyrgy ýaly ýyrtyjy guşlar höwürtgelemäge gelseler, gulatylar, sähra garaguşy, tüýlek aýakly syçançy ýaly guşlar uçup geçýärler we gyşlaýarlar. Goraghananyň pisse tokaýlyklary, Gyzyljaryň, Ýeroýulanduzuň kert gaýalary bu guşlara höwürtge ýasamaga oňaýly şertleri döredýär.

Çarwa nowruzy

Çarwa nowruzy — alabahar. Bu 22-nji fewraldan 20-nji mart aralygyndaky döwür. Döwrüň başynda gündiziň dowamlylygy 11 sagat 2 minuta barabardyr, döwrüň ahyrynda bolsa, gije bilen gündiziň ýazky deňleşýän wagty bolýar. Türkmen halk senenamasy boýunça 21-nji fewral gyşyň iň soňky güni hasaplanýar, 22-nji fewraldan bolsa bahar pasly başlanýar. Ata-babalarymyz togsan gün dowam eden gyş paslynyň tamamlanmagyny «Togsan doldy» diýip baýram edip belläpdirler.

Bötendagyň baglary

Nar

Gadym döwürlerde nar agajynyň miwesi örän gymmatly hasaplanyp, dermanlyk serişde hökmünde ulanylypdyr. Ene-mamalarymyz, deri önümlerini gaýtadan işlän senetçilerimiz nary ýüňi, ýüplügi, matany, derini reňklemekde reňk beriji serişde hökmünde ulanypdyrlar. Biziň ýurdumyzyň ähli sebitinde nar agajy ýetişdirilýär, dag sebitlerinde bolsa ýabany narlara duşmak bolýar. Naryň ynsan saglygyna peýdalydygyny halkymyz ir döwürlerden bäri bilipdir we halk tebipçiliginde giňden ulanylyp gelnipdir. Nar C, B6, B12, R ýokumlaryna we ýod, demir, natriý, kalsiý, kaliý, magniý, marganes, fosfor ýaly mikroelementlere baýdyr. Nar däneleri bedeniň kesele garşy göreşijilik ukybyny — immunitetini berkidýär. Nar şiresiniň ganazlykda, gemoglobin peselende, şeýle-de keselçilikden soňky döwürde bedeniň taplanmagynda peýdalydygyny lukmanlar aýdýarlar.

Gözel tebigatymyza buýsanç

Döwlet Baştutanymyzyň tagallalary bilen ýurdumyzda ekologiýa abadançylygyny üpjün etmek boýunça ägirt uly işler amala aşyrylýar. Hormatly Prezidentimiz: “Biziň ata-babalarymyz ýaşaýşyň çeşmesi bolan gözel tebigatymyz bilen sazlaşykda ýaşamagyň inçe usullaryny döredipdirler. Asyrlaryň dowamynda halkymyzyň durmuşyna, milli däp-dessurlaryna berk ornaşan, daşky gurşawyň arassa saklanmagyna gönükdirilen şeýle ýörelgeler Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe täze many-mazmuna eýe bolýar” diýip belleýär. Gözel tebigata bolan aýawly gatnaşyk, daşky gurşawyň goragy ýurdumyzda döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarydyr. Ýurdumyz howanyň üýtgemegi, ýer-suw gorlarynyň netijeli peýdalanylmagy, çölleşmä garşy göreşmek, ýerleriň zaýalanmagynyň öňüni almak, Hazar deňziniň suw gurşawyny we biodürlüligini goramak bilen bagly tutuş adamzady tolgundyrýan ählumumy ekologiýa meseleleriniň çözülmegine uly goşant goşýar. Hormatly Arkadagymyz: “Ýurdumyzda alnyp barylýan döwlet ekologiýa syýasatynyň esasy maksady halkymyzyň arassa daşky gurşawda ýaşamagyny üpjün etmekden, tebigy baýlyklarymyzy aýawly peýdalanmakdan we geljekki nesillerimize has gözel görnüşde ýetirmekden, bu ugurda sebit we halkara derejesinde ygtybarly hyzmatdaşlygy alyp barmakdan ybaratdyr” diýi

Tebigaty goramakda asylly ýörelgeler

Gahryman Arkadagymyzyň baştutanlygynda ýurdumyzda alnyp barylýan toplumlaýyn we geljegi nazarlaýan ekologiýa syýasaty ekologiýa taýdan arassa gurşawy döretmäge, ýurdumyzyň tebigatynyň goralmagyna we onuň baýlyklarynyň netijeli peýdalanmagynyň üpjün edilmegine, ýaş nesilleri tebigata söýgi ruhunda terbiýelemäge gönükdirilendir. Ýurdumyzyň milli baýlygy bolan täsin tebigatymyzy gorap saklamak, onuň baýlyklaryndan aýawly peýdalanmak, şol baýlyklary halkymyzyň eşretli durmuşy üçin ulanmak, ýurtda we sebitde ekologiýa abadançylygyny üpjün etmek boýunça edilýän tagallalar Türkmenistanyň ösüş ýolunyň esasy ugurlarynyň biridir. Döwletimizde köpçülikleýin bag ekmek boýunça ählihalk dabaralaryny ýaýbaňlandyrmak işleri tebigatyň gözel keşbine görk goşmaga, ekologiýa abadançylygyny pugtalandyrmaga gönükdirilen netijeli işleriň birine öwrüldi. Bu asylly ýörelgä eýerip, her ýylky bag ekmek möwsüminde ýurdumyzyň ähli ýerlerinde saýaly, pürli we miweli agaçlaryň millionlarçasy ekilýär. Bu gün bolsa gök agaçlar seýilgählerimiziň, baglarymyzyň, köçelerimiziň bezegi hem-de binagärçilik gözelliginiň we şäherleri, obalary, senagat merkezlerini abadanlaşdyrmagyň esasy serişdesi bolup durýar.

Diýara toý bolup gelen ýazlar

Ine, ýene-de aýlar aýlanyp, ýyl dolanyp, ýürekleri joşdurýan, göwünleri galkyndyrýan, pasyllaryň soltany bahar geldi. Heý-de, bahar paslyny gowy görmeýän ynsan barmyka?! Megerem, ýok bolsa gerek. Bahar! Seniň gelmegiň bilen adamlaryň ýüzünde şatlyk, egsilmez nur peýda bolýar, täze durmuş başlanýar. Tebigat janlanyp, uzak ülkelerden guşlaryň ganat ýaýyp gelmegi, ýaşylbaş sonalaryň köllerde peýda bolmagy kalbyňy joşdurýar. Gülzarlyga, lälezarlyga beslenip gelýän türkmen bahary halkymyzyň ylham çeşmesiniň, ýaşaýşa telwasynyň, gözellige perwazynyň joşgunydyr.

Bahar paslynyň aýratynlyklary

Bahar pasly ýetip geldi. Bu pasyl Demirgazyk ýarym şarynda ýylyň mart-aprel aýlaryny öz içine alýar. Baharyň gelmegi bilen agaçlar gülleýär, howa maýlaýar, öri meýdanlarda owlak-guzular peýda bolýar. Dag depelerindäki garlar eräp, çeşme-çaýlar dolup akýar. Pasyllar Ýeriň Günüň daşyndan aýlanmagy bilen emele gelýär. Ýazyň gelmegi bilen topraga ýyly girip başlaýar. Otlaryň gögermegi, baglaryň güllemegi bilen tebigat has gözel görke eýe bolýar. Ýazda gyşdaky ýaly sowuk, tomusdaky ýaly jöwzaly yssy bolmaýar. Ýazyň howasy adamlar üçin iň kadaly howa şerti hasaplanýar. Gijäniň gysgalyp, gündiziň uzamagynyň adama ruhy lezzet berýändigi bellenilýär. Geçirilen barlaglara görä, Günüň giç ýaşmagy, günüň uzyn bolmagy gaýgy-aladany azaldýar. Haýwanlaryň köpelýän wagty meýdanda tebigatyň janlanyp, otlaryň gögerip başlaýan wagtyna gabat gelýär. Eýjejik jandarlary synlamak adamda ýagşy duýgulary oýarýar. Sebäbi mekdep okuwçylarynyň arasynda geçirilen barlaglarda kiçijek jandarlara tomaşa etmegiň ünsüňi jemlemäge oňaýly täsir edýändigi ýüze çykaryldy. Tebigaty ýakyndan synlasaňyz, okuw derslerinde üstünlik gazanmagyňyza ýardam eder. Howanyň kadaly bolmagy açyk howada has köp wagt geçirmäge mümkinçilik berýär. Geçirilen barlaglarda güneşli bahar howa

Suw üpjünçiliginiň hukuk esaslary

Bagtyýar zamanada abadan durmuşda ýaşaýan, döredýän we gurýan merdana halkymyz hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda tebigy baýlyklarymyzdan aýawly peýdalanyp, türkmen halkynyň ýaşaýşyny has gowulandyrmak, ýurdumyzy bagy-bossanlyga öwürmek, daşky gurşawy goramak, tebigata aýawly çemeleşmek, ösümlik we haýwanat dünýäsini gorap saklamak boýunça giň möçberli işleri durmuşa geçirýär. Döwletimiz adamzadyň ekologiýa babatda ýurt, sebit we dünýä möçberli wezipeleriň çözülmegine gönükdirilen bilelikdäki taslamalaryň amala aşyrylmagyna işjeň gatnaşýar. Milli Liderimiziň ekologiýa syýasatynyň maksady tebigy gurşawyň goralmagyny, tebigy baýlyklardan rejeli peýdalanmagy, jemgyýetiň ekologiýa hem-de ykdysady bähbitlerini dogry we sazlaşykly utgaşdyrmagy üpjün etmekden ybaratdyr. Türkmenistanda kabul edilýän milli maksatnamalarda ykdysady, söwda, durmuş we ekologik howpsuzlygyny üpjün etmek meseleleriniň biri-birleri bilen aýrylmaz baglanyşygy göz öňünde tutulyp, bu möhüm meseleler döwletimiziň üns merkezinde durýar.

Howa maglumaty

Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa baradaky gullugynyň ýurdumyzda şu hepdäniň dowamynda boljak howanyň ýagdaýy barada berýän maglumaty: Balkan welaýatynda üýtgäp durýan bulutly howa bolup, hepdäniň birinji ýarymynda we ahyrynda ýagyş ýagar. Demirgazyk-günbatardan günorta-gündogara ugruny üýtgedýän, tizligi sekuntda 8 — 13 metrden 12 — 17 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijelerine -2... +3 gradusdan +5... +10 gradus aralygynda maýyl, gündizlerine +18... +23 gradus, welaýatyň kenarýaka etraplarynda +7... +12 gradus maýyl bolar.