Çarwa nowruzy — alabahar. Bu 22-nji fewraldan 20-nji mart aralygyndaky döwür. Döwrüň başynda gündiziň dowamlylygy 11 sagat 2 minuta barabardyr, döwrüň ahyrynda bolsa, gije bilen gündiziň ýazky deňleşýän wagty bolýar.
Türkmen halk senenamasy boýunça 21-nji fewral gyşyň iň soňky güni hasaplanýar, 22-nji fewraldan bolsa bahar pasly başlanýar. Ata-babalarymyz togsan gün dowam eden gyş paslynyň tamamlanmagyny «Togsan doldy» diýip baýram edip belläpdirler.