— Bahar geldi! Bahar geldi, näzenin gyz ýaly, enaýylyk bilen her wagt bir damja bolup çisňeýän ýaz ýagşyny görsene! Ýaz ýagşyndan soň mele topragyň özboluşly ysyndan doýar ýaly däl, demiňe dartdygyňça dartasyň gelýär — diýip, ýaşlaryň şadyýan sesleri gül-gülüstan bolan meýdanda ýaňlanýar.
— Ynha, sähel salymdan meýdan kömelekleri hem gabarlyp çykar, narpyz, ysmanak, baý-bow, olardan ýygyp, tagam taýýarlasaň, gör, nähili lezzetli bolar, hany geliň, gyzyl güläleklerden çemen bogup, mähribanlarymyza sowgat edeliň — diýip, ýene biri seslenýär.