Hormatly Prezidentimiziň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly köp jiltli ylmy-ensiklopedik kitabynda Bathyz belentliginde bitýän birnäçe ösümlikleriň dermanlyk häsiýetleriniň bardygy barada aýdylýar. Şolaryň arasynda bir öýli andyz bolup, ol kädiler maşgalasyna degişli, köpýyllyk otjumak ösümlikdir. Bu seýrek duş gelýän ösümlik Bathyzda we Günorta – Günbatar Garagumda ösýär. Ol Türkmenistanyň Gyzyl kitabyna girizilendir.
Bu ösümlik berkleşen çägeliklerde, gyrymsy agaçlaryň arasynda ösýär. Maý aýynda gülleýär, tohumyndan hem-de wegatatiw (kluben görnüşli kökler) arkaly köpelýär. Ýerli ilat bu ösümligi kähalatlarda köküniň bölegini ekmek arkaly ýetişdirýär. Ösümligiň şu görnüşiniň ösýän ýerinde gyrymsy agaçlary çapmaly däl, olary ekip, köpeltmeli.