Diýara toý bolup gelen ýazlar

9 Mart 2021
1946

Ine, ýene-de aýlar aýlanyp, ýyl dolanyp, ýürekleri joşdurýan, göwünleri galkyndyrýan, pasyllaryň soltany bahar geldi. Heý-de, bahar paslyny gowy görmeýän ynsan barmyka?! Megerem, ýok bolsa gerek.

Bahar! Seniň gelmegiň bilen adamlaryň ýüzünde şatlyk, egsilmez nur peýda bolýar, täze durmuş başlanýar. Tebigat janlanyp, uzak ülkelerden guşlaryň ganat ýaýyp gelmegi, ýaşylbaş sonalaryň köllerde peýda bolmagy kalbyňy joşdurýar. Gülzarlyga, lälezarlyga beslenip gelýän türkmen bahary halkymyzyň ylham çeşmesiniň, ýaşaýşa telwasynyň, gözellige perwazynyň joşgunydyr.

Döwletmyrat GAÝYPOW,
Akdepe etrabyndaky 23-nji orta mekdebiň ýokary derejeli mugallymy, Türkmenistanyň ussat mugallymy.