Bötendagyň baglary

13 Mart 2021
2004

Hormatly Prezidentimiziň «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda bag nahallaryny oturtmagyň ýazky möwsümine badalga bermek hakyndaky Kararyna laýyklykda, Daşoguz welaýatynyň demirgazyk künjeginde döredilýän tokaý zolagynda saýaly we pürli agaç nahallaryny, çöl ösümliklerini ekmek işleriniň nobatdaky tapgyryna girişildi. Demirgazyk sebitiň tebigy köpdürlüligini saklamak, ekologiýa medeniýetini gowulandyrmak boýunça geçirilýän toplumlaýyn çäreleriň çäginde dowam edýän bu sogaply işlere Türkmen oba hojalyk institutynyň mugallymlarydyr talyplary, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň welaýat geňeşiniň, beýleki jemgyýetçilik guramalarynyň işjeň agzalary uly höwes bilen gatnaşdylar. Olar täze tokaý zolagy bilen gurşalýan Bötendag belentligine barýan uly ýoluň ugrunda sazagyň hem-de duzly gatlaga, şorlaşan topraga uýgunlaşan çöl ösümlikleriniň ýüzlerçe düýbüni ekdiler.

Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy esasynda, Sarygamyş kölüniň gündogar kenaryndan uzap gidýän 20 müň gektar meýdanda tokaý zolagy döredilýär, beýik döwrümiziň döredijilik kuwwatynyň ruhunda bu giňişlikde diňe bir sebit derejesinde däl, eýsem, halkara derejede hem örän ähmiýetli işler amal edilýär. Welaýat merkezinden 200 kilometr çemesi daşlykdaky giň sährada kemala gelýän emeli tokaýlyk Aral deňziniň guran ýerlerinden göterilýän tozanlaryň, köwsarlap öwüsýän güýçli ýelleriň zyýanly täsirini düýpli peseltmäge, ekologiýa howpsuzlygyny üpjün etmäge mümkinçilik berýär. Yzygiderli häsiýetde amal edilýän uly möçberli işleriň netijesinde, häzire çenli 8 million agaç ekildi.

Amanmyrat SAPAROW.
«Türkmenistan».