Eziz Diýarymyzyň biologik dürlüliginiň baýlygy onuň geografiýa taýdan ýerleşişi we ýerüstüniň aýratynlygy, haýwanat dünýäsiniň ösüşiniň özboluşlylygy bilen şertlendirilýär. Häzirki wagtda ýurdumyzyň çäginde oňurgaly haýwanlaryň 704 görnüşi hasaba alnyp, olaryň aglaba bölegi guşlardyr. Ýurdumyzda guşlaryň 400-den gowrak görnüşi bar. Bathyz döwlet tebigy goraghanasynda olaryň 255 görnüşi hasaba alyndy. Guşlaryň köpgörnüşliligine görä, olaryň käbirleri oturymly ýaşaýyş keşbini alyp barýarlar, käbirleri höwürtgeleýärler, beýlekileri bolsa bu ýerde diňe geçip barýarkalar düşleýärler ýa-da gyşlamaga gelýärler.
Suwly ýere mahsus guşlar Tejen derýasynyň kenarlarynda we Ýeroýulanduzuň köllerinde gyşlaýarlar. Ýyrtyjy guşlaryň Bathyzdaky sany 39 görnüşden ybaratdyr. Ýylançy gyrgy, sähra göwenegi, sykylykçy gyrgy ýaly ýyrtyjy guşlar höwürtgelemäge gelseler, gulatylar, sähra garaguşy, tüýlek aýakly syçançy ýaly guşlar uçup geçýärler we gyşlaýarlar. Goraghananyň pisse tokaýlyklary, Gyzyljaryň, Ýeroýulanduzuň kert gaýalary bu guşlara höwürtge ýasamaga oňaýly şertleri döredýär.