HABARLAR

Bill Geýts 1,5 milliard dollar bölüp bermekçi

“Microsoft”-yň esaslandyryjysy Bill Geýts, ABŞ-nyň Kongresi uglerod zyňyndylaryny azaldýan tehnologiýalary ösdürmäge gönükdirilen maksatnamany kabul etse, durmuşa geçirjek taslamalara özüniň “Breakthrough Energy” gaznasyndan 1,5 milliard dollar geçirdigini habar berdi. Bu barada “Wall Street Journal” gazeti habar berdi. Bu ýerde gürrüň ABŞ Senaty tarapyndan tassyklanan 1,2 trillion dollarlyk ýurduň infrastrukturasyny ösdürmek meýilnamasy barada barýar. Indi kanun taslamasy Kongresiň Wekiller palatasynda tassyklanmaly. Bu klimat tehnologiýalarynyň hemmesi üçin çykdajylary azaltmaga we kämilleşdirmäge gönükdirilendir. Bill Geýts neşire, kanun taslamasy tassyklanan halatynda, “Breakthrough Energy” gaznasynyň üç ýylyň dowamynda howa goýberilýän zyýanly gazlaryň zyňyndylaryny haýallatmaga gönükdirilen taslamalara pul sarp edip biljekdigini aýtdy.

Intellektual eýeçilik hukugy

Bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda hukuk ulgamyny kämilleşdirmek boýunça uly işler amala aşyrylýar. Demokratik, hukuk we dünýewi döwletiň kanunçylyk binýadyny pugtalandyrmak, ýurdumyzyň ykdysadyýetini, ylym-bilimini we medeniýetini ösdürmek, ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini yzygiderli ýokarlandyrmak, raýatyň we adamyň hukuklaryny hem-de azatlyklaryny üpjün etmek häzirki döwrüň esasy wezipeleridir. Häzirki wagtda intellektual eýeçiligiň obýektleri adamyň zähmet çekýän ulgamlarynyň ählisini öz içine alýar. «Intellekt» sözi — bu akyl diýmegi aňladýar. Adamyň döredijilik zähmetiniň, ýagny intellektual eýeçiligiň obýektleriniň hukuk goragyny üpjün etmek bolsa, täze tehnologiýalaryň, ylmy işleriň, edebiýat we sungat eserleriniň döredilmegi we olaryň üstünlikli, şol sanda döwlet bähbitleri üçin ulanylmagy ugrundaky tagallalaryň aýrylmaz bölegidir. Intellektual eýeçiligi goramak, intellektual eýeçilik ulgamynda düzgün bozulmalara garşy hereket etmek meselesi hiç wagt ünsden düşmeýär. Intellektual eýeçilik gatnaşyklaryny hukuk taýdan düzgünleşdirmek Türkmenistanyň kadalaşdyryjy hukuk namalarynyň uly toplumynyň esasynda amala aşyrylýar.

Sanly ulgamyň mümkinçilikleri

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda eziz Diýarymyzyň ylym-bilim ulgamy uly ösüşlere eýe boldy. Esasan hem, ylym-bilim ulgamynyň maddy-enjamlaýyn binýady pugtalandyryldy, döwrebaplaşdyryldy we ol häzirki döwrüň kämil enjamlary bilen üpjün edildi. Ýurdumyzda döwrüň talaplaryna laýyk gelýän ylmy-tehnologik enjamlar we okuw-tehniki serişdeler bilen üpjün edilen mekdebe çenli çagalar edaralarynyň, okuw mekdepleriniň, şeýle hem sport desgalarydyr meýdançalarynyň ençemesi gurlup, ulanmaga berildi. Bularyň hemmesi milli Liderimiziň ýaş nesiller barada edýän aladalarynyň aýdyň nyşanydyr. Häzirki bagtyýarlyk döwrümizde ýurdumyzyň bilim ulgamy döwrüň talabyna laýyklykda ösýär, özgerýär. Hormatly Prezidentimiziň döredýän mümkinçiliklerinden peýdalanyp, ylmy maslahatlar guralýar. Sanly ulgamyň kömegi bilen geçirilýän şeýle maslahatlar ylym-bilimiň tiz ösmegine, okatmagyň hilini ýokarlandyrmaga ähli şertleri döredýär. Şonuň netijesinde, bilim ulgamynyň işgärleri ylymly-bilimli, Watana, halka wepaly, giň gözýetimli ýaşlary terbiýelemek, häzirki zaman innowasion tehnologiýalaryndan oňat baş çykarýan, başarjaň hünärmenleri taýýarlamak üçin döredijilikli, yhlasly zähmet çekýärler.

Sanly bilim ulgamy

2017-nji ýylyň 15-nji sentýabrynda hormatly Prezidentimiziň Karary bilen «Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasy» we ony durmuşa geçirmegiň Meýilnamasy tassyklandy. Bu Konsepsiýa Türkmenistanyň bilim ulgamynyň ösüşinde täze, möhüm tapgyryň başlangyjyna öwrüldi. Gahryman Arkadagymyzyň tagallalarynyň netijesinde sanly ulgamyň ornaşdyrylmagy orta mekdepleriň okuw we guramaçylyk işlerine innowasiýalary girizmäge, ähli mugallymlara maglumat tehnologiýalaryny ulanmaga mümkinçilik berýär. Şeýle hem okuwa sarp edilýän harajatlary tygşytlaýar, bilim edaralarynyň tehnologiýa taýdan ösmegini çaltlandyrýar. Munuň özi, bilim bermegiň ähli basgançaklary üçin zerur bolan elektron maglumatlar gorunyň döredilmegini we onuň tor arkaly elýeterliligini üpjün edýär.

Sanly ulgam — kämil bilim

Diýarymyzda sanly ykdysadyýeti ösdürmekde bilim ulgamyna uly orun degişlidir. Muny hormatly Prezidentimiziň 2017-nji ýylyň 15-nji sentýabrynda tassyklan «Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasy» hem aýdyňlygy bilen görkezýär. Bilim ulgamy ýurdumyzyň döwlet syýasatynyň möhüm ugry hökmünde milli we döwrebap tejribeler bilen utgaşdyrylýar. Hormatly Prezidentimiziň başlangyjy bilen multimedia tehnologiýalaryny, öňdebaryjy iş tejribäni ulanmak arkaly orta, şeýle hem başlangyç, ýörite orta hünär we ýokary okuw mekdepleriniň döwrebap okuw ulgamy kemala getirilýär. Döwrebap okuw ulgamynyň özeni bolup hem sanly ulgam öňe çykarylýar. Häzirki maglumatlar jemgyýetinde bilim ulgamynyň innowasion ýol bilen ösdürilmegine, sanly bilim ulgamynyň doly özleşdirilmegine aýratyn ähmiýet berilýär. Çünki ýurdumyzda güýçli depginler bilen dowam edýän bilim özgertmeleri döwletimiziň berkararlygynyň, jemgyýetimizi hemmetaraplaýyn ösdürmegiň, intellektual derejesini ýokarlandyrmagyň, bagtyň we bagtyýarlygyň girewidir.

«XIAOMI» KOMPANIÝASY ITI ROBOTLAŞDYRDY

Hytaýyň «Xiaomi» kompaniýasy «CyberDog» ady bilen özüniň ilkinji robot-itini tanyşdyrdy. Täze enjamyň agramy 3 kilogram bolup, sekuntda 3 mert aralygy geçmäge ukyplydyr. Tanyşdyrylyş dabarasynda kompaniýanyň bilermenleri täze enjamlaryny «sanly intellektiň iň kiçi superkompýuteri» diýip mahabatlandyrdylar. Şeýle-de bilermenler «CyberDog» enjamyndan ilkinji tapgyrda 1000 sany öndüriljekdigini hem-de bahasynyň 1500 dollara golaý boljakdygyny aýtdylar. «CyberDog» robot-iti ýörite programma arkaly dolandyryp bolýar. Ol taksi çagyrmak, salgy anyklamak hem-de daş-töwerekden gelýän howplary eýesine duýdurmak ýaly wezipeleri ýerine ýetirip bilýär.

«APPLE» KOMPANIÝASY «IPHONE»-YŇ INDIKI ÖSÜŞINDE WIDEO AÝRATYNLYKLARA ÄHMIÝET BERER

«Apple» kompaniýasy indiki hödürlejek «iPhone»-larynda smartfon kameralaryny, esasanam wideo düşüriş işlerini täzelemäge ünsi güýçlendirýär. «Bloomberg News»-iň habar bermeginä görä, kompaniýa geljekki enjamlar üçin kamerany gowulandyrmagyň bir bölegi hökmünde portret režiminiň aýratynlygynyň wideo funksiýasyny hödürlär.

Ilkinji äýnek

Tomusda gü­neş äý­nek­le­ri­niň ula­ny­lyş ge­ri­mi bar­ha gi­ňe­ýär we onuň dür­li gör­nüş­le­ri ön­dü­ril­ýär. Müm­kin bol­du­gy­ça, bu pa­syl­da ho­wa­nyň aşa gyz­ýan wag­ty da­şa­ryk çyk­maz­lyk mas­la­hat be­ril­ýär. Em­ma mej­bu­ry ýag­daý­da da­şa­ryk çyk­ma­ly bo­la­ny­myz­da hem açyk reňk­li egin-eşik­le­ri we baş­gap geý­mek ýa-da sa­ýa­wan ulan­mak, Gün­den go­raý­jy äý­nek­le­ri dak­mak ze­rur­dyr. Gün şöh­le­sin­den go­ran­mak üçin da­kyl­ýan äý­nek gö­zü­mi­zi nä­hi­li go­ra­ýar? Il­kin­ji äý­nek ni­re­de we nä­dip oý­la­nyp ta­pyl­dy? Ge­liň, äý­nek­ler ba­ra­da kä­bir mag­lu­mat­lar bi­len ta­nyş bo­la­lyň! Gün­den Ýe­re düş­ýän ult­ra­me­lew­şe şöh­le­ler (UV) gö­zü­mi­ze we de­ri­mi­ze ze­per ýe­ti­rip bi­ler. Gö­zü­mi­zi Gün şöh­le­si­niň zy­ýan­ly tä­sir­le­rin­den go­ra­mak üçin ön­dü­ri­len äý­nek­ler­de UV şöh­le­si­ni do­ly di­ýen ýa­ly (99%) sak­lap bil­ýän aý­na­lar ula­nyl­ýar. Mun­dan baş­ga-da, äý­nek­ler­de ula­nyl­ýan aý­na­lar reň­ki­ne gö­rä dür­li şöh­le­le­ri özü­ne siň­dir­ýär we bu şöh­le­le­riň göz­le­re ýet­me­gi­niň öňü­ni al­ýar.

Süýn­ýän ulag

Okatmagyň innowasion ugurlary

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ösüp gelýän ýaş nesliň bilim-terbiýeli, giň düşünjeli adamlar bolup ýetişmegi üçin oňyn şertler döredilýär. Bilim ulgamynyň işini döwrebap derejede guramak, sanly bilim ulgamyna geçmek boýunça köp işler edilýär. Häzirki döwürde sanly bilimi ösdürmek üçin, ilkinji nobatda, bilim ulgamynda zähmet çekýän mugallymlaryň, hünärmenleriň kompýuter tehnologiýalaryndan ussatlyk bilen baş çykarmagy zerur. Şeýlelikde, häzirki zaman tehniki serişdeleriň we maglumat gorlarynyň mümkinçiliklerinden netijeli peýdalanmak üçin bilim işgärleriniň hünär taýýarlygy kämilleşdirilýär. Hormatly Prezidentimiz tarapyndan her ýylyň 1-nji sentýabrynda 1-nji synpa okuwa gelýän körpelerimize kompýuterleriň sowgat berilmegi hem ýaş nesillerimiziň kompýuter serişdelerinden peýdalanyp bilmeklerini üpjün edýär. Sanly bilim ulgamyny ösdürmek wezipesini durmuşa geçirmek boýunça mekdebimizde dersler boýunça döwrebap elektron okuw-usuly gollanmalar, wideo-audio materiallar, okuw-görkezme esbaplary, maglumat kitapçalary döredildi. Elektron gündelikler, elektron žurnallaryň gorlary, ýagny, portal saýtynyň gorlary döredildi. Mugallymlar okuwçylaryň bilimlerini fizika, informatika, himiýa, biologiýa derslerinden elektron testler arkaly barlaýarlar. Bu bolsa «T