Esasan, internet arkaly hödürleýän hyzmatlary bilen tanalýan bolsa-da, «Google» başga ugurlarda hem iş alyp barýar. Kompaniýa şu ýylyň güýzünde satuwa çykarjak «Pixel 6» we «Pixel 6 Pro» telefonlarynda «Google Tensor» atly öz öndüren çiplerinden peýdalanjakdygyny mälim etdi. Amerikan brendi mundan soňra «Qualcomm» ýa-da «Intel» ýaly çip öndürijiler bilen hyzmatdaşlygyny azaldar. Geçen ýyl «Apple» hem smartfonlarynda öz taýýarlan çiplerini oturdyp başlapdy. «Google»-yň täze ýarymgeçirijileri has dury surat almaga we ýazgy etmäge mümkinçilik berer.
«Google»-yň mikroprosessory edil «Apple»-iňki ýaly «Arm» bazasynda dörediler. Bu bolsa ýarymgeçirijiniň diňe smartfonlarda däl, eýsem, planşetlerde we ýankompýuterlerde hem ulanylmagyna mümkinçilik berýär. «Qualcomm» bolsa «Snapdragon» platformasyna esaslanýan häzirki we mundan soňky önümlerinde «Google» bilen ýakyndan hyzmatdaşlygyny dowam etdirjekdigini mälim etdi.