Mo­bil go­şun­dy­la­r köpeldi

5 Awgust 2021
1764

Häz­ir­ki wagt­da smart­fon­lar­da­ky mo­bil go­şun­dy­la­ryň sa­ny bar­ha art­ýar. Ula­ny­jy­la­ryň işi­ni ep-es­li de­re­je­de ýe­ňil­leş­dir­ýän­di­gi üçin köp hyz­mat bu go­şun­dy­lar ark­aly hö­dür­len­ýär. Şu ýy­lyň bi­rin­ji ýa­ry­myn­da te­le­fon ula­ny­jy­la­ry mo­bil go­şun­dy­lar üçin 65 mil­liard dol­lar sarp edip­dir­ler. Bu gör­ke­zi­ji ge­çen ýy­lyň de­giş­li döw­rün­dä­ki­den 24 gö­te­rim ýo­ka­ry bo­lup­dyr. «Sen­sor To­wer» at­ly mas­la­hat be­riş kom­pa­ni­ýa­sy­nyň taý­ýar­lan mag­lu­mat­la­ry­na gö­rä, mo­bil go­şun­dy­la­ryň 41,5 mil­liard dol­la­ry­ny «App Sto­re», 23,4 mil­liard dol­la­ry­ny «Go­og­le Play Sto­re» ula­ny­jy­la­ry sarp edip­dir. Di­ňe mo­bil go­şun­dy­lar üçin bol­sa, 44,7 mil­liard dol­lar sarp edi­lip­dir. Mag­lu­mat­da ýy­lyň al­ty aýyn­da dün­ýä­de 72,5 mil­liard mo­bil go­şun­dy­nyň gö­çü­ri­lip al­nan­dy­gy mä­lim edil­di. Bu gör­ke­zi­ji ge­çen ýy­lyň de­giş­li döw­rün­de 71,3 mil­liard bo­lan eken.