Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda eziz Diýarymyzyň ylym-bilim ulgamy uly ösüşlere eýe boldy. Esasan hem, ylym-bilim ulgamynyň maddy-enjamlaýyn binýady pugtalandyryldy, döwrebaplaşdyryldy we ol häzirki döwrüň kämil enjamlary bilen üpjün edildi. Ýurdumyzda döwrüň talaplaryna laýyk gelýän ylmy-tehnologik enjamlar we okuw-tehniki serişdeler bilen üpjün edilen mekdebe çenli çagalar edaralarynyň, okuw mekdepleriniň, şeýle hem sport desgalarydyr meýdançalarynyň ençemesi gurlup, ulanmaga berildi. Bularyň hemmesi milli Liderimiziň ýaş nesiller barada edýän aladalarynyň aýdyň nyşanydyr.
Häzirki bagtyýarlyk döwrümizde ýurdumyzyň bilim ulgamy döwrüň talabyna laýyklykda ösýär, özgerýär. Hormatly Prezidentimiziň döredýän mümkinçiliklerinden peýdalanyp, ylmy maslahatlar guralýar. Sanly ulgamyň kömegi bilen geçirilýän şeýle maslahatlar ylym-bilimiň tiz ösmegine, okatmagyň hilini ýokarlandyrmaga ähli şertleri döredýär. Şonuň netijesinde, bilim ulgamynyň işgärleri ylymly-bilimli, Watana, halka wepaly, giň gözýetimli ýaşlary terbiýelemek, häzirki zaman innowasion tehnologiýalaryndan oňat baş çykarýan, başarjaň hünärmenleri taýýarlamak üçin döredijilikli, yhlasly zähmet çekýärler.