Hytaýyň «Xiaomi» kompaniýasy «CyberDog» ady bilen özüniň ilkinji robot-itini tanyşdyrdy. Täze enjamyň agramy 3 kilogram bolup, sekuntda 3 mert aralygy geçmäge ukyplydyr. Tanyşdyrylyş dabarasynda kompaniýanyň bilermenleri täze enjamlaryny «sanly intellektiň iň kiçi superkompýuteri» diýip mahabatlandyrdylar. Şeýle-de bilermenler «CyberDog» enjamyndan ilkinji tapgyrda 1000 sany öndüriljekdigini hem-de bahasynyň 1500 dollara golaý boljakdygyny aýtdylar.
«CyberDog» robot-iti ýörite programma arkaly dolandyryp bolýar. Ol taksi çagyrmak, salgy anyklamak hem-de daş-töwerekden gelýän howplary eýesine duýdurmak ýaly wezipeleri ýerine ýetirip bilýär.