ÝEWROPA BAZARYNA ÇYKARAR
■ Ulag görnüşleriniň sanyny artdyrýan «Volkswagen» kompaniýasy birnäçe ýyldan bäri Braziliýada satylýan ulagyny Ýewropa bazary üçin täzeden öndürer. Latyn Amerikasy ýurdunda «Nivus» ady bilen müşderilere ýetirilýän ulag Ýewropada «Taigo» ady bilen satylar. «Taigo»-nyň benzinli 1 litrlik hereketlendirijisi bolan görnüşiniň kuwwaty 95 we 110 at güýjüne, şeýle hem 1,5 litr göwrümli ulurak nusgasynyň kuwwaty 150 at güýjüne barabar bolar. Tizlik geçirijisi el bilen amala aşyrylýan ulag awtomat sürüşiň ikinji derejesi bilen enjamlaşdyrylar. Kompaniýanyň Ispaniýadaky zawodynda öndüriljek ulag 2022-nji ýyldan başlap, Ýewropa bilen bir hatarda, Aziýa ýurtlaryna hem iberiler.