«Audi» täze «Skysphere» elektrik we awtonom hereketlendirijili konsepsiýa modelini hödürledi. Ulagyň daşky uzynlygy artýan tekeri we biri-birine süýşýän mehanizmleri bilen 25 santimetr süýnüp bilýär. Ulagyň ýerden ýokary galmagy hem sazlanyp bilner. Sürüji bu üýtgeşmeleri diňe bir düwme bilen dolandyryp biler. Ulag sport tertibine geçirilende onuň uzynlygy 4,94 metr bolsa, «Grand Touring» atly tertibinde 5,19 metre çenli uzalýar. Bu üýtgeşiklik ulagyň içinde hem öz täsirini ýüze çykarýar. Sport tertibi wagtynda rol, tormoz we pedal ýaly bölekler «Grand Touring» tertibinde ýitýär. Munuň beýle bolmagy bolsa «Grand Touring» bölümine geçen ulagyň awtomatik ýagdaýda dolandyrylýandygy bilen düşündirilýär. «Audi Skysphere» datçikleriniň kömegi bilen ýolagçylaryny barmaly ýerine eltýär, awtoulag ýerleşdiriş we zarýad beriş amallaryny özbaşdak ýerine ýetirýär. Yz tarapynda ýerleşdirilen hereketlendirijide 465 kWt (632 at güýji) bar. Bu güýç bilen ulagyň tizligi 4 sekuntda 0-dan 100-e ýetip bilýär. Ulagda 80 kWt kuwwatly batareýa bolup, ol bir gezekki zarýady bilen 500 kilometre çenli aralygy geçip bilýär.