Intellektual eýeçilik hukugy

19 Awgust 2021
2301

Bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda hukuk ulgamyny kämilleşdirmek boýunça uly işler amala aşyrylýar. Demokratik, hukuk we dünýewi döwletiň kanunçylyk binýadyny pugtalandyrmak, ýurdumyzyň ykdysadyýetini, ylym-bilimini we medeniýetini ösdürmek, ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini yzygiderli ýokarlandyrmak, raýatyň we adamyň hukuklaryny hem-de azatlyklaryny üpjün etmek häzirki döwrüň esasy wezipeleridir.

Häzirki wagtda intellektual eýeçiligiň obýektleri adamyň zähmet çekýän ulgamlarynyň ählisini öz içine alýar. «Intellekt» sözi — bu akyl diýmegi aňladýar. Adamyň döredijilik zähmetiniň, ýagny intellektual eýeçiligiň obýektleriniň hukuk goragyny üpjün etmek bolsa, täze tehnologiýalaryň, ylmy işleriň, edebiýat we sungat eserleriniň döredilmegi we olaryň üstünlikli, şol sanda döwlet bähbitleri üçin ulanylmagy ugrundaky tagallalaryň aýrylmaz bölegidir. Intellektual eýeçiligi goramak, intellektual eýeçilik ulgamynda düzgün bozulmalara garşy hereket etmek meselesi hiç wagt ünsden düşmeýär. Intellektual eýeçilik gatnaşyklaryny hukuk taýdan düzgünleşdirmek Türkmenistanyň kadalaşdyryjy hukuk namalarynyň uly toplumynyň esasynda amala aşyrylýar.

Jahan SAPAROWA,
Türkmen döwlet maliýe institutynyň mugallymy.