HABARLAR

Totyjemal

Türkmen edebiýatynyň taryhyna ser salanymyzda, köp sanly zenan şahyrlaryň adyna duşmak bolýar. Olaryň käbiriniň döreden eserleri bize gelip gowuşmadyk hem bolsa, çeper döredijilik bilen meşgullanandyklaryny mälim edýän maglumatlar az däl. Şol zenanlaryň biri hem Totyjemal handyr. Ol XVIII asyryň ahyrlarynda — XIX asyryň birinji ýarymynda Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynyň töwereginde ýaşap geçen görnükli türkmen şahyry Myrat Talyby bilen durmuş gurupdyr. Şahyr Myrat Talybynyň ýaşlygyndan aşyk bolan gyzy Totyjemal hakyndaky maglumatlar juda çäkli bolsa-da, olaryň durmuş gurandyklary we ogullarynyň bolandygy baradaky maglumatlar bize gelip ýetipdir.

Şygyrlary dünýä meşhur akyldar

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Diýarymyzda hormatly Prezidentimiziň başlangyjy bilen her ýylyň iýun aýynda Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni giňden bellenilýär. Onda medeniýet işgärleri tarapyndan dürli medeni dabaralar guralyp, belentden ýaňlanýan aýdym-sazlarda, sahna oýunlarynda, ajaýyp goşgularda ata Watanymyzyň geçmiş taryhy, hormatly Prezidentimiziň beýik işleri, eşretli zamanamyz wasp edilýär. Halkymyz şygryýet äleminiň ägirdi Magtymguly Pyragynyň döredijiligine uly sarpa goýýar. Türkmeniň beýik akyldar şahyry Magtymguly Pyragy durmuşyň dürli taraplary barada ajaýyp şygyrlary döretmek bilen baý edebi mirasy galdyrdy. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallasy bilen akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň edebiýatyň altyn hazynasyna giren gymmatly edebi mirasy dünýä alymlary tarapyndan öwrenilýär. Çeper sözüň ussatlary şahyryň ömri, durmuşy, onuň ýaşan döwri, döredijiligi hakynda ençeme eserler döretdiler. Türkmen edebiýatynyň taryhynda akyldar şahyr hakynda ussat ýazyjymyz Berdi Kerbabaýew kitap ýazdy. Ol 1941-nji ýylda beýik şahyr Magtymgulynyň edebi keşbini döretmäge synanyşyk etdi. Ol şahyryň goşgularyna ýüzlenip, şol goşgular esasynda şahyr barada eser döretdi.

Heňňam ýazgylary

Hormatly Prezidentimiz ata-babalarymyz tarapyndan müňýyllyklaryň dowamynda toplanan medeni mirasymyzy düýpli öwrenmek boýunça geçirilýän işleriň örän wajypdygyny çykyşlarynda öwran-öwran nygtaýar.Türkmen halkynyň baý medeni mirasy bar. Ata-babalarymyz tarapyndan bize galdyrylan medeni mirasyň biri hem ýazuwdyr. Jemgyýetçilik gatnaşyklarynda adamlaryň arasyndaky aragatnaşygy dilsiz göz öňüne getirip bolmaýar. Hat-ýazuwyň emele gelmegi bilen, özara gatnaşyklar kämilleşipdir, özgeripdir. Aragatnaşyk saklamagyň ýene bir görnüşi hem ýazuwdyr. Maglumatlar tekst ýazmagyň üsti bilen ýerine ýetirilýär. Tekst sözlemlerden, sözlemler sözlerden, sözler bogunlardan, bogunlar harplardan durýar. Ses belgisi harp bilen belgilenýär. Gepleşikde säginme äheňi bar bolsa, ýazuwda gepleşigiň aýdylyş äheňi dürli dyngy belgiler bilen aňladylýar. Ýazuw bilen gepleşik diliniň ýerine ýetirilişiniň dürli-dürli bolmagyna garamazdan, olaryň arasynda aýrylmaz baglanyşyk bardyr. Ýazuw — gepleşigiň kagyz ýüzüne geçirilen görnüşi. Ýazuwyň özboluşly taryhy bar. Adam eşiden habaryny, maglumatyny ýadynda saklap, hat üsti bilen bellige alyp, ony uzaklara ýetirip bilýär. ХХI asyrda ýazuw üsti bilen habar ýetirmegiň kämil görnüşi ýüze çykyp, ol giň mümkinçiliklere eýedir. Häzirki zamanda t

Syrly äleme bagyşlanan ömür

Alym astronom, syrly älemiň aşygy Hojamuhammet Meläýew türkmen tebigatynyň iň gözel ýerleriniň biri bolan Köpetdagyň keremli daglarynyň gujagynda, datly suwly Sumbar derýasynyň gözbaşyndaky Magtymguly etrabynyň Könekesir obasynda 1946-njy ýylyň 4-nji maýynda dünýä inýär. Ol talyplyk döwrüniň 1-nji ýylyndan başlap ömrüniň ahyryna çenli astronomiýa ylmy bilen gyzyklanyp, gündizlerine şol ugra degişli çap edilen materiallar bilen tanyşdy. Gijelerine merjen däneleri dek lowurdap duran ýyldyzlar, aýry-aýry ýyldyz toparlary hem-de olar baradaky ajaýyp rowaýatlar, şol lowurdaýan ýyldyzlara meňzäp duran we olara görä hereket edýän ýeriň emeli hemralary, Günüň, Aýyň tutulmalary, Aýyň dürli çärýeklerde görünmegi, gije-gündiziň hem-de pasyllaryň çalyşmagy, ýyldyz asmanynyň wagta görä üýtgemegi we başga-da şunuň ýaly asman gümmezi bilen bagly bolan hadysalar ünsüni ýüpsüz baglapdy. Teleskopda asmanyň syrly älemine seretmek Hojamuhammediň söýgüli pişesidi. Ol ýerde däl-de, asman äleminde gezip, şol älemdäki syrlar bilen dostlaşan ýalydy. Alymyň çagalyk ýyllaryna ser salsaň, onuň bu pişe üçin dünýä gelendigine ynanýarsyň. Onuň babasy Myratberdi ahun türkmende ady belli Goçmyrat ahun bilen bir döwürde Buharada okap, ahunlyk derejesine ýeten, ýaşan döwründe il-ha

Edebi we ebedi baýlyk

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen geçmiş taryhymyzy, edebiýatymyzy çuňňur öwrenmäge uly üns berilýär. Asyrlar aşan medeni mirasymyzyň nusgalarynyň biri bolan «Görogly» şadessanynyň ÝUNESKO-nyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilmegi buýsandyryjy wakadyr. Geçmişde Beýik Ýüpek ýoly bilen argyşa giden kerwenlere halk döredijiliginden baş çykarýan dilewarlar, edebiýat, taryh bilen gyzyklanan alymlar hem goşulypdyrlar. Bu barada hormatly Prezidentimiziň «Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» atly kitabynda şeýle bellenilýär: «Uzak ýollary sökýän kerwene goşulyp, argyşa gitmek özboluşly terbiýeçilik we tejribe mekdebi bolupdyr. Munuň üçin kerwenbaşy argyşçylaryň toparyna dana kyssaçylaryň, alym-ulamalaryň, köpügören syýahatçylaryň, tejribeli argyşçylaryň goşulmagyny gazanypdyrlar. Olar goş ýazdyrylyp, dynç alynýan pursatlarynda ýaş söwdagärlere halal gazanç etmegiň, söwdaň şowlap, tüçjar baý bolanyňda hem adamkärçilik, ynsanperwerlik, mähribanlyk duýgularyňy barha çuňlaşdyrmagy gazanmagyň zerurdygyny öwredipdirler. Şol bir wagtda argyşçylar ylym dünýäsine aralaşyp, ruhy baýlygyny artdyrypdyrlar, düşünmeýän meseleleri boýunça alymlardan maslahat alypdyrlar, şeýdibem, köňüllerine ýagşy

Gözde nurum, kalpda sazym Pyragy

Beýik akyldar türkmen şahyry Magtymguly Pyragy Etrek derýasynyň boýundaky Hajygowşan diýen obada eneden dogulýar. Magtymguly Pyragy başlangyç bilimi kakasy Döwletmämmet Azadynyň elinde alypdyr. Magtymguly Pyragy Şirgazy medresesinde üç ýyl bilim alypdyr. Şahyryň Buharadaky Gögeldaş medresesinde okanlygy barada täsin maglumatlar bar. Biziň günlerimize şahyryň 700-den gowrak şygyrlary we 10-a golaý kiçi göwrümli poemalary gelip ýetipdir. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallasy bilen nusgawy şahyrlarymyzyň paýhasa baý döredijiligini hemmetaraplaýyn öwrenmäge giň mümkinçilikler döredildi. Akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň ýaşap geçen döwründen bäri köp wagt geçen hem bolsa, onuň paýhaslar hazynasy umumadamzady Gün kimin çoýýar. Şahyrymyzyň döredijilik älemi giňdir, many-mazmun taýdan baý hazynadyr we ol durmuşyň ähli tarapyny öz içine alýar. Beýik Magtymgulynyň edebi mirasy düýpsüz umman ýalydyr. Türkmen halkynyň beýik şahyry, akyldary Magtymguly Pyragy ähli halklaryň şahyry, onuň döredijilik älemi kämil mekdep bolup hyzmat edýär.

Şalaryň düşlän kerwensaraýy

Ýurdumyzyň ähli künjeginde bolşy ýaly, Lebap welaýatynyň çäginde hem taryhy ýadygärlikleriň uly toplumy ýerleşýär. Olaryň arasynda XI — XII asyryň arhitektura ýadygärligi hökmünde tanalýan Daýahatyn kerwensaraýy ençeme ýyllardan bäri bütin dünýäniň jemgyýetçiliginiň ünsüni özüne çekip gelýär. Kerwensaraý ylmy çeşmelerde Daýahatyn, ilat arasynda bolsa Baýhatyn ady bilen bellidir. Daýahatyn sözi — «daýa» arap sözi bolup, türkmençe «Mülk», «Oba», «Bejerilen ýer», hatyn (puşty dilinde «gatyn») sözi bolsa «daş», «daşdan edilen» diýen manyny berýär. «Baýhatyn» diýen adyň döreýşi barada ýerli ilatyň arasynda ýaýylan rowaýatda aýdylyşyna görä, bir baý söwdagäriň owadan aýaly bolupdyr. Söwdagär argyşa gidýär. Dostlarynyň biri onuň aýaly barada myjabatly gürrüň ýaýradýar. Söwdagär aýaly baradaky myjabatly gürrüňleri eşidip, mal-mülkünden, maşgalasyndan, bar baýlygyndan geçip, pukara eşiginde sergezdan halda aýlanyp ýörýär. Onuň aýaly garaçomaklaryň ara tow düşürenine düşünýär. Ol ýanýoldaşyny tapmagy ýüregine düwýär. Baý aýal ähli ýurtlara çapar ýollap, özüniň kerwensaraý gurdurýandygyny we oňa işlemäge talabanlaryň gerekdigini jar çekdirýär. Talabanlyga onuň adamsy söwdagär hem gelýär. Töhmetli gürrüňleriň

Ýyladyşhanalaryň döreýiş taryhy

Ýyladyşhanalaryň döreýşi gadymy Rim döwründen başlanýar. Ekiniň üstüni örtmek ýaly ýönekeý usuldan gurluşy çylşyrymly bolan ýyladyşhanalary döretmek boýunça häzirki zaman tehniki işläp taýýarlamalara çenli ýol geçildi. Rimli bagbanlar emeli usul bilen ýylboýy gök ekinleri ýetişdiripdirler. Olar tigirli arabajyklaryň üstünde gök ekin ekip, gündizlerine daşary Güneşe çykaryp, agşamlaryna bolsa ýyly jaýa salypdyrlar. Wagtyň geçmegi bilen ekinleriň üstüni ýapmak hem-de olary sowukdan goramak usulyny ulanyp başlapdyrlar. Soňra gurluşyny düzýän agaç germewleri, sütünleri, üstüne ýapylan aýnadan ýa-da reňksiz düzümli, dury mineral jisimlerden taýýarlanan ýyladyşhananyň üçekleriniň özi gyzypdyr. Netijede, ýyladyşhananyň içindäki howa gyzypdyr we ekinlere kadaly ösmäge şert döräpdir. Bu ýyladyşhanalarda tropiki ýurtlardan getirilen ekzotik ösümlikler we güller ýetişdirilipdir.

Seýit Ysmaýyl Gürgenli

Orta asyrlarda Türkmenistanyň çägindäki şäherlerde lukmançylyk, tebigat, matematika, taryh, geografiýa, edebiýat ylymlaryny öwrenýän we bilim berýän medreseler bolupdyr. Hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, türkmen hökümdarlarynyň ylmyň ösmegine şert döretmekleri we ylym adamlaryna howandar bolmaklary orta asyrlarda türkmen ýerlerine dünýäniň ähli künjeginden ylym öwrenmek maksady bilen adamlaryň jemlenmegine esas döredipdir. Türkmenistanyň çäkleri ylmyň merkezi hökmünde hyzmat edipdir. Şeýlelikde, bu ýerde dünýä ylmyna goşant goşan türkmen şahsyýetleriniň birnäçesi kemala gelipdir. Şeýle şahsyýetleriň biri hem orta asyrlarda dünýäniň lukmançylyk ylmyna goşant goşan, öz döwrüniň belli lukmany, lukmançylyga degişli düýpli ylmy işleri ýazan Seýit Ysmaýyl Gürgenli bolupdyr. Alymyň doly ady Ysmaýyl ibn Muhammed al-Hüseýin al-Jurjany bolupdyr. Şeýle hem oňa al-Seýid Ysmaýyl ýa-da Hekim Jurjany hem diýlipdir. Taryhy maglumatlarda ol 1057-nji ýylda Gürgende doglan diýlip habar berilýär. Gürgenli ýaşlykdan lukmançylyk ylmy bilen gyzyklanypdyr. Ol ylym almagy dowam etdirmek üçin Horezme barýar. Orta asyrlarda Horezm baý kitaphanaly ylmy merkezleriň biri bolupdyr. Esasan-da, ol ýerde geljekki lukmanlara sapak berýän, Ibn Sinanyň şägirdi Ibn Abi Sadyk al-Nyşapury ýaşaý

Gadymy ussahana

Orta asyr Abiwerd şäheri türkmen topragynyň üstünden geçen Beýik Ýüpek ýolunyň ugrunda ýerleşen taryhy ýadygärlikleriň biridir. Ençeme ýazuw çeşmelerinde kerwensaraýly, köşgi-eýwanly, uly bazarly, metjit-medreseli şäher hökmünde ýatlanyp geçilýän bu gadymy medeni merkeziň galyndylary Kaka etrap merkeziniň demirgazyk-günbatarynda üç ýüz gektara golaý meýdana ýaýylyp ýatyr. «Abiwerd» taryhy-medeni döwlet goraghanasyndaky bu gymmatly ýadygärligi ylmy esasda öwrenmek we gorap saklamak işleri yzygiderli ýola goýuldy. Hormatly Prezidentimiz tarapyndan tassyklanan «Beýik Ýüpek ýolunyň ugrunda ýerleşen Türkmenistanyň çägindäki taryhy-medeni ýadygärliklerde 2018 — 2021-nji ýyllarda gazuw-agtaryş işleri geçirmegiň we medeni mirasy ylmy esasda öwrenmegiň hem-de wagyz etmegiň Döwlet maksatnamasynda» bellenen wezipeleri durmuşa geçirmegiň çäginde «Abiwerd» taryhy-medeni döwlet goraghanasynda hem degişli işler alnyp barylýar. Şonuň bilen baglanyşykly, 2021-nji ýylyň iş meýilnamasyna laýyklykda, Abiwerd — Peşdag ýadygärliginde şu ýylyň ýaz möwsüminde ylmy-barlag işleri üstünlikli dowam etdirildi.