Gözde nurum, kalpda sazym Pyragy

21 Iýun 2021
2898

Beýik akyldar türkmen şahyry Magtymguly Pyragy Etrek derýasynyň boýundaky Hajygowşan diýen obada eneden dogulýar. Magtymguly Pyragy başlangyç bilimi kakasy Döwletmämmet Azadynyň elinde alypdyr. Magtymguly Pyragy Şirgazy medresesinde üç ýyl bilim alypdyr. Şahyryň Buharadaky Gögeldaş medresesinde okanlygy barada täsin maglumatlar bar. Biziň günlerimize şahyryň 700-den gowrak şygyrlary we 10-a golaý kiçi göwrümli poemalary gelip ýetipdir.

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallasy bilen nusgawy şahyrlarymyzyň paýhasa baý döredijiligini hemmetaraplaýyn öwrenmäge giň mümkinçilikler döredildi. Akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň ýaşap geçen döwründen bäri köp wagt geçen hem bolsa, onuň paýhaslar hazynasy umumadamzady Gün kimin çoýýar. Şahyrymyzyň döredijilik älemi giňdir, many-mazmun taýdan baý hazynadyr we ol durmuşyň ähli tarapyny öz içine alýar. Beýik Magtymgulynyň edebi mirasy düýpsüz umman ýalydyr. Türkmen halkynyň beýik şahyry, akyldary Magtymguly Pyragy ähli halklaryň şahyry, onuň döredijilik älemi kämil mekdep bolup hyzmat edýär.

Bahar NURSÄHEDOWA,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň iç keselleriniň propedewtikasy kafedrasynyň assistenti.