1941 — 1945-nji ýyllaryň urşuna başdan-aýak gatnaşan uruş we zähmet weterany Ilaman Gulçarowyň hem watansöýüjiligiň, gahrymançylygyň belent nusgasy bolan ömür ýoly bar. Ol 1920-nji ýylda Köneürgenç etrabynyň häzirki Maslahat geňeşliginde dogulýar. 1940-njy ýylda goşun gullugyna alnan Ilaman Gulçarow bir ýyl gulluk edenden soň, uruş başlanýar. Ol harby düzgünleri doly ele alan esger hökmünde ilkinjileriň hatarynda söweşe çykýar.
«Adam başy daşdan gaty» diýleni. Ol urşuň ilkinji günlerinden başlap, tebigatyň epgegine, aňzagyna, gar-ýagmyryna garaman, gyşyna buz ýassanyp, gar ýapynyp, dişlerine çenli ýaraglanan duşmanyň garşysyna döş gerýär. Ilaman Gulçarow Batumi şäherinden başlan gulluk borjuny bütin Ýewropany pyýada geçip, Germaniýada ýeňiş bilen tamamlaýar. Ýowuz urşuň 4 ýylynyň içinde ol söweşde ýaralanyp, meýdan gospitalynda bejergi alan döwründe bolaýmasa, ýyly ýorgan-düşekde ýatmaýar. Ol bu döwrüň içinde duşman bilen aldym-berdimli söweşlere gatnaşyp, görkezen edermenligi üçin medallaryň, sylaglaryň ençemesine mynasyp bolýar. Iň agyr söweşleriň biri Kenigsberg şäherini faşistlerden arassalamak ugrunda bolýar. Söweş örän heýhatly. Iň soňky deminde janhowluna urunýan duşman ölenini-ýitenini bilmän, garşylyk görkezýär. Ýitgiler bolsa ummasyz. Söweşe girýän esgerleriň her gün ýüzlerçesi yzyna dolanmaýar. Ýöne söweşe girenlerinde Watan gerçekleriniň ölüm ýadyna düşmeýär. Olar adamzadyň geljegi üçin, ýeňiş üçin, söweşde wepat bolan ýoldaşlarynyň aryny almak üçin duşmany sürenine dykyp, olaryň merkini berýärler. Ilaman Gulçarow Kenigsberg ugrunda bolan söweşlerde 2 gezek «Edermenligi üçin» we «Kenigsbergi alanlygy üçin» diýen medallar bilen sylaglanýar. Ol Ýeňşi Germaniýada garşylaýar we şol gün oňa «Germaniýadan üstün çykanlygy üçin» diýen medal gowşurylýar. Ilaman Gulçarow uruş ýeňiş bilen tamamlanandan soň hem bir ýyl goşunda gulluk edip, 1946-njy ýylyň maýynda döşüni söweşlerde görkezen edermenligi üçin berlen medallardan dolduryp, mähriban obasyna dolanyp gelýär.