Orta asyrlarda Türkmenistanyň çägindäki şäherlerde lukmançylyk, tebigat, matematika, taryh, geografiýa, edebiýat ylymlaryny öwrenýän we bilim berýän medreseler bolupdyr. Hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, türkmen hökümdarlarynyň ylmyň ösmegine şert döretmekleri we ylym adamlaryna howandar bolmaklary orta asyrlarda türkmen ýerlerine dünýäniň ähli künjeginden ylym öwrenmek maksady bilen adamlaryň jemlenmegine esas döredipdir. Türkmenistanyň çäkleri ylmyň merkezi hökmünde hyzmat edipdir. Şeýlelikde, bu ýerde dünýä ylmyna goşant goşan türkmen şahsyýetleriniň birnäçesi kemala gelipdir.
Şeýle şahsyýetleriň biri hem orta asyrlarda dünýäniň lukmançylyk ylmyna goşant goşan, öz döwrüniň belli lukmany, lukmançylyga degişli düýpli ylmy işleri ýazan Seýit Ysmaýyl Gürgenli bolupdyr. Alymyň doly ady Ysmaýyl ibn Muhammed al-Hüseýin al-Jurjany bolupdyr. Şeýle hem oňa al-Seýid Ysmaýyl ýa-da Hekim Jurjany hem diýlipdir. Taryhy maglumatlarda ol 1057-nji ýylda Gürgende doglan diýlip habar berilýär. Gürgenli ýaşlykdan lukmançylyk ylmy bilen gyzyklanypdyr. Ol ylym almagy dowam etdirmek üçin Horezme barýar. Orta asyrlarda Horezm baý kitaphanaly ylmy merkezleriň biri bolupdyr. Esasan-da, ol ýerde geljekki lukmanlara sapak berýän, Ibn Sinanyň şägirdi Ibn Abi Sadyk al-Nyşapury ýaşaýan eken. Gürgenli lukmançylyk ylmynda bu meşhur alymyň şägirdi bolýar. Ibn Abi Sadyk al-Nyşapury öz döwrüniň belli lukmany, lukmançylyk ylmy barada ylmy işleri ýazan belli şahsyýetleriň biri bolupdyr. Ýewropada oňa «ikinji Gippokrat» diýipdirler.