Hormatly Prezidentimiz tarapyndan tassyklanan «Beýik Ýüpek ýolunyň ugrunda ýerleşen Türkmenistanyň çägindäki taryhy-medeni ýadygärliklerde 2018 — 2021-nji ýyllarda gazuw-agtaryş işlerini geçirmegiň we medeni mirasy ylmy esasda öwrenmegiň hem-de wagyz etmegiň Döwlet maksatnamasynda» bellenen çäreleri durmuşa geçirmek boýunça Taryhy-medeni ýadygärlikleri goramak, öwrenmek hem-de rejelemek baradaky Milli müdirligiň düzümindäki taryhy-medeni döwlet goraghanalarynda işler ýokary guramaçylykly alnyp barylýar. 2021-nji ýylyň iş meýilnamasyna laýyklykda, «Abiwerd» taryhy-medeni döwlet goraghanasyna degişli Abiwerd — Peştag ýadygärliginde şu ýylyň ýaz möwsüminde ylmy-barlag işleri dowam etdirildi. Bu ýadygärlik Ahal welaýatynyň Kaka şäheriniň merkezinden 7 kilometr demirgazyk-günbatarda ýerleşýär.
Taryh ylymlarynyň kandidaty Akmyrat Babaýewiň ýolbaşçylygynda alnyp barylýan ylmy-barlag ekspedisiýasynyň şu ýylyň ýazky möwsümi üstünlikli tamamlandy. Bu ýadygärligiň Erk galasynyň günorta-gündogar diwaryndan 90 metr uzaklykda, ozalky möwsümlerde gazuw-barlag işleri geçirilen 4-nji gazuw meýdançasynda, «ýerasty desga» diýlip atlandyrylan arheologik meýdanda dowam etdirildi. Barlag-öwreniş işleri desganyň demirgazyk-günbatar çäklerinde, ozalky möwsümlerde bölekleýin ýüze çykarylan ussahana toplumynda dowam etdirildi.