Şöhratly taryhyň beýany

2 Iýun 2021
3026

Ýakynda ÝUNESKO-nyň işleri boýunça Türkmenistanyň Milli Toparynyň sekretariatynyň, Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň we Türkmen döwlet medeniýet institutynyň bilelikde guramagynda «Türkmenistan — ÝUNESKO — Diýarda ýaýran ýollar» atly taslamanyň çäklerinde maslahat geçirildi.

Türkmen döwlet medeniýet institutynyň mejlisler zalynda geçen maslahatda ýurdumyzyň halkara hyzmatdaşlygy, medeni diplomatiýasy, merdana pederlerimiziň gadymy taryhyny, maddy we ruhy medeniýetini, däp-dessurlaryny öwrenmek boýunça alnyp barylýan maksatnamalaýyn işleriň toplumy hakynda giňişleýin gürrüň berildi.

Sähragül JANMÄMMEDOWA,
Türkmen döwlet medeniýet institutynyň uly mugallymy.