Köýtendag etrabynyň Bazardepe obasynda ýerleşýän Köýtendag döwlet tebigy goraghanasynyň merkezi edarasynyň muzeýinde haýwanlaryň daşa öwrülen galyndylary saklanýar. Bu daşlaşan haýwanlaryň galyndylary ýer gatlaklaryndan tapylypdyr. Olaryň üstünden millionlarça ýyl geçendigi ylmy taýdan subut edildi. Goraghananyň muzeýinde şol haýwanlaryň arasynda balykgulaklaryň, ammonitleriň daşlaşan çanaklary, akulanyň dişleri, dinozawrlaryň aýak yzlarynyň ülňüleri bar.
Gadymy täsin haýwanlaryň arasynda ýeriň ýüzünden doly ýitip giden kelleaýakly mollýuska-ammonitlerdir.