«Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň parasatly baştutanlygynda mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllyk we Aşgabadyň esaslandyrylmagynyň 140 ýyllyk baýramçylygyna uludan taýýarlyk görülýär. Ýurdumyzyň baş şäheri Aşgabady durmuş-ykdysady taýdan ösdürmäge, gurulýan desgalarda milli binagärlik ýörelgeleri bilen häzirki zamanyň ösen tejribesini utgaşdyrmaga aýratyn ähmiýet berilýär. Milli Liderimiziň nygtaýşy ýaly, Aşgabat taryhynyň dürli döwürlerinde hem döredijilik işgärlerini, aýdymçylary we kompozitorlary täze eserleri döretmäge ruhlandyrdy. Şu nukdaýnazardan hormatly Prezidentimiz Aşgabadyň günorta künjeginde beýik akyldar şahyr Magtymguly Pyragynyň heýkelini ýerleşdirmegiň hem-de Giňdiwaryň eteginde «Magtymguly Pyragynyň toplumy» ady bilen döredijilik işgärleri üçin niýetlenen merkeziň döredilmeginiň maksadalaýyk boljakdygyny nygtady. Bu zatlaryň hemmesi Aşgabadyň taryhyny ylmy nukdaýnazardan giňişleýin öwrenmäge itergi berýär.
Gadymy kerwen ýollarynyň çatrygynda ýerleşen Aşgabatda irki döwürlerde-de durmuş gaýnap joşupdyr. Aşgabat şäheri gadymdan oturan ozalky Ashabad obasynyň ýerinde emele gelipdir. Şäheriň taslamasy Ýewropa kysmynda çekilip, köçeleri göni bolupdyr, kwartallary tertipli ýerleşdirilipdir. Bu ýerde owadan demir ýol menzili bolup, onuň ýanynda paýtunçylar ýolagçylara garaşyp durýan eken. 1885-nji ýylyň 30-njy noýabrynda Aşgabada ilkinji otly gelýär. 1889-njy ýylda Aşgabat şäherinde 750 öý, 654 söwda nokady, hünärmenleriň 121 dükany, 33 sany kerwensaraý, iki myhmanhana, 15 sany naharhana, Teke bazary we Rus bazary diýlen söwda meýdançalary bolupdyr. Senagat kärhanalary juda az hem ownuk eken. Zakaspiý oblastynda 1897-nji ýylyň ýanwarynda ilkinji gezek ilat ýazuwy geçirilýär. Maglumatlara görä, Zakaspiý oblastynda 382,487 adam bolup, şonuň 19,5 müňi Aşgabat şäherinde ýaşaýar diýlip bellenilýär. Aşgabadyň ilaty çalt köpelipdir. 1882-nji ýylda onda bary-ýogy 2 müň adam ýaşan bolsa, 1903-nji ýylda ilatyň sany 36 müňe ýetip, 1911-nji ýylda bolsa 45 müňden hem geçipdir.