HABARLAR

9 golly duşuşykda «Al Hilal» ýeňiş gazandy

AFK Çem­pi­on­lar Li­ga­sy Eli­te ýa­ry­şyn­da 3-nji du­şu­şyk­lar ge­çi­ri­lip, Gün­ba­tar se­bi­tin­de ge­çen möw­sü­miň çem­pio­ny «Al Ain» (BAE) öz meý­dan­ça­syn­da «Al Hi­lal» (S. Ara­bys­ta­ny) bi­len du­şuş­dy. Çe­ke­le­şik­li we dart­gyn­ly ge­çen oýun­da 9 gol ha­sa­ba alyn­dy. 5–4 ha­sa­byn­da «Al Hi­la­lyň» ýeň­şi bi­len ta­mam­la­nan du­şu­şyk­da her to­par­dan 1 fut­bol­çy het-trik et­di. 82-nji mi­nut­dan soň 1 oýun­çy kem oý­nan «Al Hi­la­lyň» gol­la­ry­ny Re­nan Lo­di (26), Ser­geý Mi­lin­ko­wiç-Sa­wiç (45+2) hem-de Sa­lem Al-Daw­sa­ri (45+5, 65, 75) ge­çir­di. Ar­gen­ti­na­ly Her­nan Kres­po­nyň şä­girt­le­rin­de­nem Su­fi­an Ra­hi­mi­niň het-tri­gi hem-de Ma­teo Sa­nab­ri­ýa­nyň go­ly ýeň­şe ýet­me­di. Du­şu­şy­gyň 77-nji mi­nu­tyn­da «Al Hi­la­lyň» bra­zi­li­ýa­ly ýyl­dyz oýun­çy­sy Neý­mar hem 370 gün­den soň meý­dan­ça do­lan­dy. Iki to­par ge­çen möw­süm­de hem ýa­rym fi­nal­da du­şu­şyp­dy we Su­fi­an Ra­hi­mi şol oýun­la­ryň bi­rin­ji­sin­de hem het-trik edip­di. Şon­da «Al Hi­lal» 4–2 ha­sa­byn­da utu­lyp, ola­ryň 32 oýun­lap do­wam eden ýe­ňiş­li ýö­ri­şi ta­mam­la­nyp­dy. «Al Nassr» to­

Welosiped sportunyň peýdasy

Welosiped sürmek adam saglygy üçin örän peýdalydyr. Sportuň bu görnüşi adamyň keýpini çaglaýar, şähdini açýar, gujur-gaýratyny artdyrýar, onuň nerw ulgamyny pugtalandyryp, bedeniniň berkemegine getirýär. Welosiped sürýän ynsanyň ähli myşsalary hereketlenýär we bedeninde gan aýlanyşyň tizleşmegi, mikrosirkulýasiýanyň gowulaşmagy bolup geçýär. Bu bolsa bedeniň ähli agzalaryna barýan ganyň kislorod bilen baýlaşmagyna, olardaky öýjükleriň işleriniň gowulaşmagyna täsir edýär. Ynsan bedeninde madda çalşygynyň gowulaşmagy netijesinde onuň arterial gan basyşy kadalaşýar, dem alşy çuňlaşýar we öýkende gan çalşygy ýokarlanýar. Welosiped sürmek ýürek-damar, dem alyş ulgamlarynyň işlerine oňyn täsir edip, bedeni berkidýär hem-de immunitetiň ýokarlanmagyna getirýär. Şeýlelikde, ynsan bedeniniň ýokanç kesellerden goranmak ukyby ýokarlanýar. Welosiped sürmek ýürek myşsalaryny berkidip, ýürek-damar keselleriniň öňüni alýar. Welosiped sürlen wagtynda, esasy hereket aýak myşsalaryna we oňurganyň bil bölümine düşýär. Bu bolsa gan damarlaryndaky warikoz kesellerini bejermekde örän peýdalydyr.

Tapawutlandyryş nyşany gowşuryldy

Türkmenistanyň Tennis federasiýasy halkara derejede gazanan üstünlikleri bilen ýene bir gezek tapawutlandy. Aziýanyň Tennis federasiýasynyň (ATF) Gonkongda geçirilen Baş Assambleýasynda türkmen federasiýasy Aziýanyň iň çalt ösýän guramalarynyň hataryna goşuldy. Bu möhüm waka mynasybetli ATF-nyň ýolbaşçylary Türkmenistanyň Tennis federasiýasynyň wekillerine tapawutlandyryş nyşanyny gowşurdylar. Baş Assambleýanyň işine yklymyň 45 döwletiniň milli federasiýalarynyň wekilleri gatnaşdy. Onuň dowamynda ATF-nyň 60 ýyllyk taryhyna ser salnyp, federasiýanyň gazananlary we geljekki ösüş ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy.

Sport — kalbyň ruhy gözelligi

Gahryman Arkadagymyz: «Sport bilen yzygiderli meşgullanmak kesellerden goraýar. Munuň özi öňde goýlan maksatlara ýetmekde ruhubelentlikdir we güýç-kuwwatdyr» diýip belleýär. Elbetde, sport bilen yzygiderli meşgullanmak şahsyýetde tertip-nyzamlylyk, işjeňlik, zähmetsöýerlik endiklerini kemala getirýär, ruhubelentlik ýagdaýyny döredýär. Bir söz bilen aýdylanda, bedenterbiýe we sport adam bedenine hemmetaraplaýyn oňyn täsirini ýetirýär. Milli Liderimiziň ynsan saglygy baradaky pähim-paýhasyndan ugur alnyp, ýurdumyzda sporty ösdürmek babatynda uly ädimler ädilýär. Bu bolsa sport bilen yzygiderli meşgullanýan ildeşlerimiziň sanynyň barha artmagyna giň ýol açýar. Mälim bolşy ýaly, sport bilen saglygyň arasynda berk baglanyşyk bar. Sport adam bedenini taplap, ýürek we damar ulgamyny güýçlendirýär, dartgynlylygyň derejesini azaldýar. Şeýle hem sport bilen yzygiderli meşgullanylanda, sagdyn durmuş ýörelgelerine eýermek, dogry iýmitlenmek has ýeňil düşýär. Sport zyýanly endiklerden gaça durmaga ýardam edýär. Sport bilen yzygiderli meşgullanýan adamyň işdäsi we ukusy kadaly bolýar. Bular kadaly bolan ýagdaýynda adam öndürijilikli işläp bilýär.

Ösüşleriň bady bilen

Türkmen sportunyň Garaşsyzlyk ýyllaryndaky ösüş ýoly şöhratly hem-de möhüm ähmiýetli taryhy wakalara baýdyr. Hormatly Prezidentimiziň soňky ýyllarda milli sporty kämilleşdirmekde, bu ugurda sebit we halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmekde öňe sürýän başlangyçlary döwletimizde ruhubelent ýaşlaryň, ussat türgenleriň, çempionlaryň kemala gelmegine giň şert döredýär. Şu hossarlyk aladalara jogap edip, welaýatymyzyň türgenleri ýylyň başyndan bäri döwlet we halkara derejelerindäki ýaryşlarda ýeňiş gazanyp, ýurdumyzyň sport abraýy bilen birlikde ýaşyl Tugumyzy hem birnäçe gezek belende galdyrdylar. Döwlet ýaryşlarynda baýrakly orunlaryň 700-e golaýyna mynasyp bolan ýaşlarymyz halkara ýaryşlarynyň hem 15-sinde öz ussatlyklaryny görkezip, dürli derejeli medallaryň 40-a golaýyny eýelediler. Olaryň arasynda dünýä çempionlygyny, Aziýanyň çempionlygyny gazanan türgenleriň hem bardygyny ýatlamak gerek.

Nobatdaky üstünlik

Golaýda Türkmenabat şäherinde adaty karate boýunça Türkmenistanyň Kubogyny almak ugrunda 16 — 17, 18 — 21 ýaşly türgenleriň arasynda bäsleşik guraldy. Oňa TGM-niň polkownik Amangeldi Gurdowyň müdirlik edýän Alp Arslan adyndaky Ýöriteleşdirilen harby mekdebiniň 12-nji synp harby okuwçysy Aşyrmyrat Atajanow hem gatnaşyp, şahsy kata boýunça 1-nji, 18 — 21 ýaşly türgenleriň arasynda şahsy tutluşyk boýunça bolsa 3-nji orna mynasyp boldy. Ýeňijä Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komitetiniň Hormat hatlary we medallary gowşuryldy.

Deňlikde tamamlanan oýunlar

Milli futbol çempionatymyzyň 27-nji tapgyrynyň oýunlarynyň ikisi geçirilip, olaryň birinde Balkanabadyň «Nebitçi» topary öz meýdançasynda Mary şäheriniň «Merwini» kabul etdi. Deňeçerräk ýagdaýda geçen duşuşygyň 23-nji minutynda Şöhrat Owmadowyň tapawutlanmagynda myhmanlar öňe saýlandylar. Ýer eýeleri ýeňlişden eminiň duşuşyga goşmaça beren wagtynda, has takygy 93-nji minutda halas boldular. Şol pursatda Serdar Tukyýewiň uzak aralykdan depip geçiren pökgüsini möwsümiň iň owadan gollarynyň hatarynda ikirjiňlenmän görkezse bolar.

Ýaryş güýçli toparlary saýlady

Kaka etrabyndaky  16-njy orta mekdebiň sport zalynda «Türkmenistan — ruhubelentligiň we sagdynlygyň ýurdy» atly XIV spartakiadanyň  çäginde okuwçy oglanlaryň arasynda woleýbol ýaryşy geçirildi. Ony  «Türkmenistan» Ýaşlar bedenterbiýe-sport guramasynyň welaýat bölümi, etrabyň bedenterbiýe we sport bölümi, etrap bilim bölümi hem-de jemgyýetçilik guramalary bilelikde gurady. Ýaryşyň etrap tapgyryna orta mekdeplerden toparlar gatnaşyp, özleriniň ukyp-başarnygyny görkezdiler. Çekeleşikli geçen ýaryşyň netijesinde etrapdaky 27-nji orta mekdebiň topary garşydaşlaryny ýeňlişe sezewar edip, ýeňiji boldy. 16-njy orta mekdebiň topary ikinji, 7-nji orta mekdebiň topary üçünji orny eýeledi.

Woleýbolçy oglanlar ýaryşdy

Ak bugdaý etrabyndaky ýöriteleşdirilen 46-njy orta mekdebiň sport zalynda «Türkmenistan — ruhubelentligiň we sagdynlygyň ýurdy» atly XIV spartakiadanyň çäginde geçen woleýbol ýaryşynyň etrap tapgyryna mekdepleriň okuwçy oglanlaryndan düzülen toparlar gatnaşdy. «Türkmenistan» Ýaşlar bedenterbiýe-sport guramasynyň welaýat bölümi, etrabyň bedenterbiýe we sport bölümi, etrap bilim bölümi hem-de jemgyýetçilik guramalary tarapyndan bilelikde guralan ýaryş çekeleşikli duşuşyklara baý boldy. Netijede etrapdaky 25-nji orta mekdebiň topary birinji, 28-nji orta mekdebiň topary ikinji, 19-njy orta mekdebiň topary üçünji orny eýeledi.

Uniwersiadadan medallar bilen

Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň we Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň talyplary Russiýa Federasiýasynyň Astrahan şäherinde geçirilen Hazarýaka ýurtlarynyň uniwersitetleriniň assosiasiýasynyň we ylmy-barlag merkezleriniň VII uniwersiadasyna gatnaşdylar. Bu abraýly ýaryşda türkmen talyplary dürli derejeli medallaryň birnäçesine mynasyp boldular. Uniwersiada ildeşlerimizden başga-da, Gazagystanyň, Eýranyň, Azerbaýjanyň, Russiýanyň dürli ýokary okuw mekdeplerinde okaýan talyplar, şeýle hem häzirki wagtda Astrahan şäherinde bilim alýan gaitili, senegally, marokkoly, kamerunly, gwineýaly, tunisli, müsürli we ganaly talyplar gatnaşdylar.