Saparmyrat Türkmenbaşy etrabyndaky 2-nji sport mekdebinde 2007-2008-nji ýyllarda doglan we ondan kiçi ýaşly oglanlaryň arasynda türkmen milli göreşi boýunça etrabyň çempionaty geçirildi. Ýokary ruhubelentlikde geçen çekeleşikli tutluşyklar oňa ýaş türgenleriň oňat taýýarlykly gelendiklerini görkezdi. Bäsleşige ýaş pälwanlaryň 100-den gowragy gatnaşyp, olar 14 agram derejesi boýunça özara güýç synanyşdylar. Çekeleşikli geçen tutluşyklaryň netijesinde her bir agram derejesi boýunça ýaryşyň ýeňijileri yglan edildi. Şeýle hem toparlar boýunça etrapdaky 3-nji orta mekdebiň türgenleri 1-nji, 29-njy orta mekdebiň ýaş pälwanlary 2-nji, 54-nji orta mekdebiň topary 3-nji orna mynasyp boldular. Ýeňijilere etrap bedenterbiýe we sport bölüminiň Hormat hatlary gowşuryldy.
***